Türkmenabatda welaýatyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp ýaş hudožnikleriň suratlarynyň sergisi açyldy. Welaýatyň ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň çeperçilik bölüminiň ilkinji ýyl okuwçylary öz işlerini görkezdiler. Bu ýaňy döredijilik ýoluna düşen okuwçylar üçin ilkinji ekspozisiýa boldy.
Ýaş suratçylaryň işleri özüniň hakykylygyny beýan edýär. Onuň her birinde Watana bolan uly söýgi, milli gymmatlyklara uly buýsanç duýulýar. Ýurduň parlap duran uly Döwlet baýdagynyň astyndaky buýsançly ahalteke bedewleri, güberlip duran gowaça gozasy we bugdaýyň altyn desseleri, meşhur taryhy ýadygärlikler hem-de häzirki zaman arhitektura gurluşlary olaryň eserleriniň esasy desgalary bolup durýar. Eserler bütewi kompozisiýany düzmek bilen, çalt depginler bilen ösýän biziň döwrümizi, ene topragyň baýlygyny we sahylygyny, nesilleriň üznüksiz aragatnaşygyny, pederleriň däp dessurlaryna ygrarlylygy alamatlandyrýar.
Ýaş suratkeşleriň ýaşytdaşlary - Türkmenabadyň welaýat maliýe-ykdysady we oba senagat toplumy mekdebiniň okuwçylary bu serginiň ilkinji tomaşaçylary boldular.