Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda geçirilen “Ýylyň iň gowy artisti” atly bäsleşik bu teatryň döredijilik topary üçin uly waka boldy. Aktýorlaryň hünär ussatlygynyň ölçegleri we döredijiligine baha bermek öňünden işlenilip taýýarlanyldy, göçme baýrak, hormat haty we ýadygärlik nyşany tassyklandy.
Aktýorlaryň sahna ussatlygyny, olaryň döredijilik taýdan ösüşini, göçme spektakllara gatnaşmagyny, tomaşaçylar bilen duşuşygyny we jemgyýetçilik durmuşyny seljerip, Puşkin adyndaky teatryň çeperçilik geňeşi ikinji derejeli aktýor Kerim Ataýewi ýylyň iň gowy artisti diýyp ykrar etdi.
Hormatly baýragy – ganatly Pegasyň şekiljigini aktýora teatryň baş ýolbaşçysy Aşyrmuhammet Rahmanow gowşurdy. Ol bäsleşigiň ýeňijisini gutlamak bilen, bu bäsleşigiň her ýyl geçirilmegi aktýorlaryň hünärleriniň kämilleşmegine mundan beýläk hem hyzmat eder diýip belledi. Aktýora “2014-nji ýylyň iň gowy aktýory” diýen ýadygärlik nyşanyny Türkmenistanyň at gazanan artisti, sahnanyň ykrar edilen ussady Anatoliý Spiridonow gowşurdy.
Kerimiň Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda kemala geldi. Onuň aktýorlyk hünärine bolan söýgisi ony 2008-nji ýylda mekdebi tamamlandan soňra A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatryna getirdi. Bu ýerde ol sungata tarap ilkinji ädimlerini ätledi hem-de ol bu günki gün teatryň döredijilik toparyna, Türkmenistanyň at gazanan artisti, režissýor hem-de mugallym Natalýa Laukerte we onuň artist bolmagyna mynasyp goşant goşan beýleki halypalara minnetdarlygynyň çägi ýok. Irginsiz zähmet netijesinde toplanan tebigy artistlik zehini, okamaga bolan höwes we özüniň sahna sungatyny kämilleşdimäge çalyşmagy aktýoruň hünär hem-de döredijilik taýdan kämilleşmegine uly itergi berdi.
Ol Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda Molýeriň “Skapeniň hokgalary” spektaklynda husyt Žeront, A.Sagareliniň “Hanuma” komediýasynda dogruçyl Akop, B.Amanowyň “Zöhre we Tahyr” spektaklynda mekir bagban Hasan ýaly, özleriniň häsiýetleri boýunça dürli keşpleri döretdi.
Gowy wokal häsiýetler we çeýelik Kerim Ataýewe Şekspiriň “Otello” spektaklynda ajaýyp keşbi – Gogonyň içki duýgularyny döretmäge kömek etdi, Türkmenistanyň at artisti A.Lubinsiň goýan G.Daňatarowyň, S.Nepesowyň “Pereňli” spektaklyndan Kerim Ataýewiň ýerine ýetiren Aman elguşçynyň tansy bolsa teatryň çäklerinden daşarda hem uly meşhurlyga eýe boldy. Onuň çagalar üçin döreden rollary hem onuň döredijilik ýolunda aýratyn orun eýeleýär.
A.Rahmanowyň, Ýe.Şerbakowanyň “Awaza-meniň söýgüm” atly spektaklynyň baş gahrymany Azadyň, N.W.Gogolyň “Derňewçi” spektaklynda Hlestakowyň keşpleri aktýoruň soňky işleriniň biridir.