Döwlet baýdagynyň gününiň öňisyrasynda türkmen türgenleri milli baýdagy ýurduň iň belent nokadyna – Aýrybaba belentligine (3139m) çykardylar.
Türkmenistanyň baýdagynyň güni mynasybetli belentlige çykmak alpinistler üçin indi her ýylda geçirilýän oňat däbe öwrüldi. Şu ýyl Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň goldamaklarynda Aşgabadyň “Agama” alpinistler kluby belentlige çykmaklygy gurady. Onuň birinji tapgyry eýýäm üstünlikli tamamlandy. Dört alpinistden ybarat bolan birinji topar diňe bir Aýrybaba belentligine çykman, eýsem demirgazykdaky belentlige çykmagy hem öz öňünde wezipe diýip goýdy.
Olar iki müň metr belentlikde bir gije ýatyp, ýene-de ýarym kilometr ýokary çykdylar hem-de bu ýerde düşelge edindiler. Bu ýerden olar has ýokary çykmagy meýilleşdirdiler. Ir bilen goş haltalaryny gerek bolan enjamlardan dolduryp, ýola düşdüler. Howa o diýen gowy däldi – yzygiderli ýagýan gar hem-de güýçli öwüsýän şemal öňe hereket etmegi kynlaşdyrýardy. Asylşyp duran bulutlar, wagtal-wagtal pese düşýän dumanlyk gözýetimi kynlaşdyrýardy.
Esasy belentlige geçen ýyl çykan ugrumyz boýunça uly bolmadyk belentlige günbatar geriş boýunça bardyk. Bu ýerde biz üçin hemme zat täzeçedi. Sebäbi biz Demirgazyk belentlige gyş paslynda çykmandyk. Dag gerşiniň esasy depesine çykyp, ondan eýýäm bellenilen ýeri nazarlap ugradyk. Ynha indi, döwlet baýdagy Aýrybaba belentliginiň Demirgazyk böleginde ilkinji sapar parlaýar. Bu ýeriniň beýikligi belentligi boýunça Esasy belentlikden az-kem pesdir.
Ýöne alpinistlere özlerini gowşatmaklykdan heniz irdi. Meýilleşdirilen ugur boýunça Esasy belentlige tarap ugur aldylar. Dag gerişleriniň üstünden hökman geçmelidi. Howa gowulanybermeýärdi, ýel gar sowurýardy. Dag belentliklerinde howanyň şular ýaly bolmagy, onda-da gyş paslynda, täzelik däldi. Şonyň üçin hem bu ýagdaý bizi aljyratmady. Hakykatdan hem bu ýagdaý howsalalydy, bu dykyz bulutlardan ýaňa gözýetimiň çäklidiginden ybaratdy.
Dumanda ýitip gidýän dag gerişleri yzda galdy, günbatar tarapdan Esasy belentlige barýan dag gerişi gowy görünýärdi. Eýýäm onuň bilen dar we kert garly ýol bilen beýikligiň soňky metrlerini geçdik.
Uzynly gün bulutlaryň aňyrsynda gizlenen gün birden öz nuruny saçdy. Bu bolsa bize belent daglygyň geçen kötel ýolumyza nazar aýlamaga we keýplerimiziň çag bolmagyna şert döretdi. Bu ýerde gyş paslynda iki belentlige ilkinji sapar çykylmagy hiç kim amala aşyrmandy. Esasy belentlikde bolsa milli baýdak parlady! Onuň bu ýerde Döwlet baýdagynyň öňsiyrasynda parlamagy simwoliki häsiýete eýedir.
Şunuň bilen dag belentligine çykmak heniz tamamlananok. Şu günler ikinji, “Agama” alpinistler klubynyň has köp sanly topary şunuň ýaly simwoliki häsiýete eýe bolan Aýrybaba çykmaklygy amala aşyrýar. Köýtendag döwlet goraghanasynyň işgärleri bu watany söýüjilik çäresini guramaga uly ýardam berýärler. Alpinistler klubynyň agzalary diňe bir ýurdumyzdaky belentliklere çykmak bilen çäklenmän, eýsem onuň çäklerinden daşarda hem şular ýaly çärelere işjeň gatnaşýarlar. Geçen, 2014-nji ýylda, olaryň işjeňligi netijesinde, Pamir, Kawkaz, Alplar, Tibet ýaly dünýäniň meşhur daglyk sebitlerinde milli baýdak parlady.