“Türkmen ertekileri dünýäsinde” golaýlap gelýän Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň we bu merkeziň kärdeşler arkalaşygynyň guramaklarynda paýtagtyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň konserti geçirildi. Bu ýere öz ýaşytdaşlarynyň ýerine ýetirijilik ussatlyklaryna tomaşa etmek üçin Aşgabat şäheriniň mekdepleriniň okuwçylary geldiler, şeýle hem ertekiler dünýäsine öz çagalary bilen gelen uly ýaşlylar bu konserte tomaşa etdiler.
Konsert başlamazyndan ozal çagalar Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň döredijiligi bilen tanyşdylar. Asuda baýdagyň astynda bagtyýar çagalyk ýaş hudožnikleriň esasy temasy boldy. Olar öz suratlarynda sport, okuw bilen gyzyklanmalaryny, deňziň kenarynda dynç alyşy, meşhur ahalteke bedewlerine bolan söýgüni we Watanyň mukaddes baýdagyna bolan buýsanjy beýan etdiler.
Konsertiň dowamynda sahnada “Güneşli” we “Altyn serpaý” skripkaçylar toparlary, “Bagtyýar” ansamblynyň fleýtaçylary, deprekçileri, akkordeonçylar, ýaş bagşylar we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijiler yzly-yzyna öz ussatlyklaryny we başarnyklaryny görkezdiler. Ertekiler dünýäsiniň gümmeziniň astynda saz we çagalaryň näzik owazlary ýaňlandy. Ýaş ýerine ýetirijiler Watan barada, türkmen halkynyň däp-dessurlary we medeniýeti, onuň zehini we ylhamy barada sazyň dili arkaly gürrüň berdiler.