Paýtagtyň kinokonsert zallarynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabadyň Medeniýet müdürliginiň we paýtagtyň häkimliginiň guramaklarynda Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanyp, paýtagtyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň konserti bolup geçdi.
“Türkmenistan” we “Watan” kinokonsert merkezleriniň sahnalarynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň we Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdebiniň okuwçylary çykyş etdiler.
Talyplar instrumental ansambllarynyň sazandarlyk etmeklerinde türkmen halk aýdymlary, häzirki zaman kompozitorlarynyň estrada aýdymlary ýaňlandy. Tomaşaçylar Aziza Agamyradowanyň, Ogulnäzik Saryýewanyň, Muhammet Bedenýaýewiň, Mekan Çaryýewiň we beýleki konserte gatnaşyjylaryň çykyşlaryny gyzgyn garşyladylar. Bu ýere ýygnanlar ýaş tansçylaryň çykyşlaryna hem mynasyp baha berdiler. D.Öwezow adyndaky sazçylyk mekdebiniň tans ansamblynyň “Elwan güller” saz-horeografiýa kompozisiýasy hem-de “Miras” folklor ansamblynyň ýerine ýetiren ajaýyp halk tanslary könsertiň bezegine öwrüldi.
Artistleriň çykyşlary ýaş zehinliler bilen bolan duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisine şatlyk paýlady.