Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýöriteleşdirilen sazçylyk mekdep-internatynda «Break of reality» («Hakykatdan üzňelikde») amerikan toparynyň sazandarlarynyň bu mekdebiň okuwçylary bilen duşuşygy geçirildi. Toparyň düzümine wiolonçelçileri we deprekçi: Meta Weýs – ýeke-täk gyz, Patrik Merd, Endrýu Jans we Aýwen Trewino girýär. Zehinli türkmen okuwçylarynda Amerikanyň dürli ştatlarynda ýokary saz bilimini alan ussat wiolonçelçileri uly gyzyklanma döretdi. Ýöne bu 10 ýyl mundan ozal olaryň ansamblda jebisleşmegine, bir ideýa – dürli saz žanrlaryna: nusgawy, nusgawy roka, halk folkloryna improwizator çemeleşmeklerine zyýan etmedi.
Şu döwrüň içinde «Break of reality» toparynyň sazandarlary öz konsertleri bilen Hytaýyň, Ýaponiýanyň, Koreýanyň, Kanadanyň, Germaniýanyň, Awstriýanyň, Belgiýanyň, Perunyň, tomaşaçylarynyň öňünde çykyş etdiler we hemme ýerde diňleýjileriň minnetdarlygyna mynasyp boldular. Bu mekdep-internatynda hem şeýle boldy. Myhmanlar bu ýerde eserleriň birnäçesini ýerine ýetirdiler. Özi hem, bu ýeriniň diňleýjilerini nazarda tutup, sazandarlar her bir çykyşlaryndan soňra wiolonçelde saz çalmagyň usullary barda okuwçylara sorag berdiler.
Öz nobatynda duşuşygyň eýeleri hem Amerikaly myhmanlaryň öňünde çykyş etdiler. Aýratyn hem wiolonçelçiler kwinteti tarapyndan ýerine ýetirilen Çary Nurymowyň “Adažiosy” we 11-nji synp okuwçysy Şirin Taýjanowanyň ýerine ýetiren “Wenger rapsodiýasy” amerikaly ussatlaryň göwnünden turdy.
Konsertden soňra dowam eden ussatlyk sapagynda amerikaly wiolonçelistler mekdep-internatyň okuwçylary bilen ýerine ýetirijilik ussatlygynyň inçe syrlaryny paýlaşdylar. Çykyş etmegiň improwizasiýsyna aýratyn üns berildi. Netijede hünär ussatlary geljekki sazandalar bilen bilelikde oýny simprowizirlediler. Bu köpleriň haýran galmagynda ajaýyp saz eserine öwrüldi we çagalarda uly şatlyk döretdi.