Ï Türkmenistanyň baýdagy Amerikanyň iň belent nokadyna galdyryldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň baýdagy Amerikanyň iň belent nokadyna galdyryldy

view-icon 1286
Türkmenistanyň baýdagy Amerikan kontinentiniň iň belent nokadyna – Akonkagua belentligine (6962m.) galdyryldy. Bu ekspedisiýa bu ugurdan uly tejribe toplan alpinistleriň altysy – Aşgabatdan, Sankt-Peterburgdan, Irkutskiden gatnaşdy. Akonkagua ýerli dilden terjime edilende “daş goraýjy” diýen manyny berýär ýa-da ony başgaça “Amerikanyň sümmüli” diýip hem atlandyrýarlar. Ol Günorta Amerikada Argentina we Çili bilen serhetde Andy dag ulgamynyň merkezi böleginde ýerleşýär.

Yzygiderli we käwagtlar bolsa tizligi sagatda 100 kilometre çenli ýetýän güýçli ýeller Akonkaguanyň düýpli ýagdaýy bolup durýar. Bu bolsa gowy taýýarlanan belentlige çykyjylary yzlaryna dolanmaga borçly edýär. Bu sebitlere barmak örän ýönekeý däldir. Golaýdaky şäherçeden esasy düşelgä çenli barýançaň 35 kilometr ýoly geçmeli.


Ekspedisiýa gatnaşyjy aşgabatly – “Agama” alpinistler klubynyň agzasy Alekper Ahmedowyň belleýşi ýaly, howa babatda aýdanymyzda biziňki şowuna boldy, ýel o diýen bir güýçli bolmady, howanyň sowuklyk derejesi – 15-20, ýolumyzyň garly bölekleri o diýen bir köp bolmady. Hemmeler özlerini gowy duýdular. Bu bolsa esasy düşelgeden dört günüň dowamynda akklimatizasiýa ýagdaýlar ýüze çykmazdan we dynç alyş günsüz ýokary 4300 metre birden çykmaga mümkinçilik berdi.

Alekper Ahmedowyň takmynan 63 töweregi ýaşy bar. Ol Demawend (Eýran), Ararat (Türkiýe) daglarynyň belentliklerine çykdy. 2013-nji ýylda ol türkmen toparynyň düzüminde ýedi müň belentlikdäki Han-Teňrä (Týanşan) çykdy. Geçen ýylyň maý aýynda bolsa ol ilkinji sapar tizlikli çykmak boýunça 400-den gowrak türgenleriň gatmaşmagynda Elbrus daglaryna - Vertical SkyMarathon we Mt Elbrus (3700-5642 metr) belentligine çykmaga gatnaşdy. Ol birinji aralykda 320 türgeniň öňüne geçmegi başardy, ikinji aralykda bolsa iň gowy ýigrimligiň hataryna goşuldy. Biziň türgenimiz bu bäsleşiklere taýýarlyk görende ýekelikde Elbrusyň belentliklerine çykdy.


Eýýäm birnäçe aý ondan soňra – 2014-nji ýylyň awgust aýynda ol ýokary dag belentligine – owadan belentlik bolan Matterhorn – Matterhornultrakstrailyň töweregine çykmakda uly ýaşly toparda dördünji orny eýeledi. Bu täsin sport festiwalynyň bary-ýogy dört ugry boýunça dünýäniň 54 ýurdundan bir ýarym müňden gowrak türgen gatnaşdy. Skaýranning boýunça türgenleşmekleri üçin türkmen alpinistlerine örän oňaýly şertler bar diýip, türgen hasap edýär.

Aşgabadyň “Agama” alpinistler klubynyň alpinistleriniň köpüsiniň sport taýýarlygyna diňe bir Türkmenistanyň dag gerişlerini çykmaklary kömek etmän, eýsem ýurduň daşyndan uzaklarda ýerleşýän dag belentliklerine çykmaklary hem kömek edýär. Şular ýaly ekspedisiýalara ýaşlary taýýarlamakda tejribeli alpinistlerde Týan-Şanyň, Pamiriň, Kawkazyň, Köpetdagyň we ýakyn we uzak daşary ýurtlaryň dag sebitleriniň gerişlerine çykmakda uly tejribeleri bar. Bu babatda olara adatdan daşary ýakyn şertlerde geçirýän türgenleşik işleri kömek edýär.