Türkmen milli konserwatoriýasynyň konsert zalynda Türkmenistanyň Halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň hormatyna dabara geçirildi. Bu aýdymçy dogulan güni mynasybetli ir bilen medeniýet işgärlerinden, öz işdeşlerinden, okuwçylaryndan, onuň zehinine hormat goýýanlardan gutlaglary we sowgatlary kabul etdi. Onuň dostlarynyň ýerine ýetiren aýdymlary, wokalçylaryň ýaş neslinden gyzgyn gutlaglar ýaňlanan sazly agşam baýramçylygyň dowamy boldy. Ýöne, näme-de bolsa, konsert meýdançasynda Medeniýetiň özi soloda çykyş etdi.
Türkmen sahnasynyň primadonnasy köpleriň göwnünden turan kompozisiýalary dünýäniň dürli dillerinde ýerine ýetirdi. Elbetde, halk aýdymlarynyň sazyny onuň dosty zehinli kompozitor Nury Halmämmedow ýazdy. Onuň bilen döreden “Türkmen sährasy” aýdymy özüniň döredilen ilkinji gününden häzirki günlere çenli meşhurlygyny ýitirmän gelýär.
Türkmen sa sungatynyň halypasy, ajaýyp wokalçy Medeniýet Şahberdiýewa özüniň zehini bilen türkmen halkynyň buýsanjyna we milli gazananlaryna öwrüldi. Tebigat oňa saza bolan seýrek owazly sesi eçildi. Onuň irginsiz çeken zähmeti we kämilleşmäge ýadawsyz ymtylmagy onuň meşhur kamera we opera aýdymçysy, zehinli mugallym bolup ýetişmegine getirdi. Ol milli medeniýetiň ösmegine we ýaş zehinleri terbiýelemäge mynasyp goşandyny goşdy. Onuň Medeniýet diýen ady welilik bolup, onuň sungatdaky, türkmen halkynyň saz medeniýetindäki ýoluny kesgitledi.
Milli saz sungatyny Türkmenistanyň çäklerinden daşarda hem mynasyp görkezmek bilen, aýdymçy bütin ömrüni öz mukaddes işine bagyşlady. Tomaşaçylary öz sesi bilen haýran galdyrmak bilen, ol dünýä we milli klassikanyň eserlerini, meşhur opera partiýalaryny, romanslary, dünýä halklarynyň aýdymlaryny ýerine ýetirdi. Onuň ajaýyp zehininiň, köp ugurly baý zehininiň köp sanly muşdaklaryny köp sanly çeper filmlerde we konsert programmalaryndaky ýazgylarda ýaňlanýan jadylaýjy owazy bu günki gün hem özüne maýyl edýär.
Bu zehinli aýdymçynyň geçen uly durmuş ýoly ony taplady. Ol 7 ýaşynda ýetim galyp, çagalar öýüne ýerleşdirilýär. Mugallymlar bu ýerde onuň saza bolan ukybyny duýýarlar. Bu ýerde ol baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşýar, konsertlerde çykyş etmek bilen,halk aýdymlaryny ökdelik ýerine ýetirmegi başarýar. Mugallymlar derrew onuň oňat sesine we wokal ukyplylygyna üns berýärler.
Internat Medeniýeti sazçylyk mekdebine ugradýar. Bu ýerde ol skripkada saz çalmagy öwrenýär. “Bu meniň durmuşymy doly özgertdi” diýip, aýdymçy ýatlaýar. Men ösümi başga bir dünýäde ýaly duýdum, saz meni şeýle bir özüne çekdi. Saz meniň kalbyma ornadymy ýa-da men saz bilen ýaşaýandygymy saýgarmak kyn. Ýöne, uruşda agyr ýaralanyp öýe gelen agam meni internatdan öz şäherimize äkitmek isledi. Men sazdan aýra düşerin diýen gorky bilen, muny göwnemedim. Mekdebi tamamlanymdan soňra sazçylyk uçilişesine okuwa girmek kararyna geldim. Bu ýerde hünär boýunça synaglardan başga hem ses maglumatlaryňy hem barlaýarlar. Haçan-da okuwa girenleriň sanawy tagta asanlarynda, skripkaçylaryň arasyndan özümi tapmadym. Meni bu ýere okuwa kabul etmändikleri üçin Türkmen döwlet uniwersitetiniň matematika fakultetine okuwa girdim. Ýöne meni gözlediler we men özümiň ses maglumatlarymyň gowydygy netijesinde wokal bölümine kabul edildim. Şu ýerde hem meniň opera sungatyndaky ýolum başlandy”.
Moskwanyň konserwatoriýasyna okuwa girende Medeniýet giriş synaglaryndan gijä galýar. Şonda ol konserwatoriýanyň rektory Aleksandr Wasiýewiç Sweşnikowa synag almaklaryny haýyş edip, ýüz tutýar. Meşhur direjor we saz işgäri näzijek gyzyň ezberligine geň galyp, onuň raýyny ýykmaýar. Diňläp bolan soňra bolsa ol: “Bu taýýar Rozina ahbetin’ diýip batly aýtdy. J.Rossiniň “Sewil dellekçisi” operasyndan Roziniň partiýasy onuň diplom işi boldy.
Medeniýet Şahberdiýewa konserwatoriýany tamamlandan soňra Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet opera we balet teatrynda işläp başlaýar. D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň “Şasenem we Garyp”, A.Agajykowyň “Gowgaly gije” operalarynda aýdym aýtdy. Rimskiniň-Korsakowyň “Patyşa gelni”, J.Werdiniň “Trawiata” operalarynda we beýlekilerde ilkinji partiýalary ýerine ýetirdi. Onuň owazy dürli ýyllarda döredilen “Aşyr aganyň hötjetligi”, “Meniň dostum Meleguş”, “Japbaklar” filmlerinde ýaňlanýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol halkara saz toparlarynda hem ykrar edildi. Ol wokalçylaryň Glinika adyndaky Halkara bäsleşiginiň emin agzalygyna saýlanýar. Onuň bilen işleşenler aýdymçynyň hemişe uly yhlas bilen işleýändigini belleýärler, özüniň ussatlygyny ýokarlandyrmak bilen, özüniň üstünde elmydama işlärdi, hat-da primadonna bolanda hem özüniň ussatlygyny yzygiderli kämilleşdirmek bilen, edil sungaty ýaňy öwrenip başlaýan ýaly işleýärdi
-Medeniýet Şahberdiýewa ajaýyp aýdymçy bolmak bilen, ol sesiň adatdan daşary owadan tembrine eýedir hem-de örän jomart adam – diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti, TMK uly mugallymy Mämmetmyrat Annamyradow gürrüň berýär. – “Leýli we Mežnun” operasynda Leýliniň partiýasy hem edil şeýle ýokary ses üçin ýazylandyr. Maňa bu operany birnäçe gezek diňlemek nesip etdi. Men elmydama hem onuň sesiniň şeýle ýeňilden ýakymly ýaňlanmagyna haýran galýaryn, ol özüne ynanylan keşbi örän göwnejaý oýnaýar, hat-da oýnaman, sahnada bu keşp bilen bile ýaşaýar. Ol köp spektakllarda esasy partiýalary ýerine ýetirdi hem-de hemişe tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekmegi başardy. Onuň jadylaýjy owazly sesi ýaňlananda tomaşaçylar zalyň örän ümsüm bolmagy, soňra bolsa güýçli el çarpyşmalarynyň gürrüldini diňe görmegi we guwanmagy başarmaly. Ol aýdymçylaryň köp sanlysyny ýetişdirdi, biziň watanymyza şöhrat getirdi hem-de döwlet onuň döredijiligine ýokary baha berýär. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Watanyň ýokary sylagy bolan – Türkmenistanyň III derejeli “Altyn asyr” ordenini aýdymça hut özi gowşurdy
Medeniýet Şahberdiýewa häzirki günlerde hem örän kuwwatly we hereketde, örän ünsli, öz işdeş ýoldaşlary we talyplar bilen köp söhbetdeş bolýar, ýaş artistleriň çykyşlaryny seljermek bilen, olara peýdaly maslahatlary berýär.
- Maňa sahnada Medeniýet bilen bilelikde çykyş etmek miýesser etdi diýip, Türkmenistanyň at gazanan artisti Orazmyrat Amanmyradow ýatlaýar. Ýadyma düşýär, “Aýna” operasynda Bibi partiýasyny we degişme ikilikde ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Oňa şadyýan gyzyň keşbini döretmek başartdy. Şeýle bir janly we ýakymly çykyş etmek bilen, tomaşaçylary özüne bendi etmegi başardy. Medeniýet konsert aýdymçysy hökmünde hem ýygy-ýygydan çykyş edýär, ol öz üstünde köp işleýär, meşhur artistlerden köp zatlary öwrendi. Ol sungat äleminde elmydama bolmak bilen, onuň bilen hemişe ýaşaýar, başgaça durmuşy göz öňüne getirip hem bilenok.
Ony Watanyň altyn owazy we türkmen bilbili diýip atlandyrýarlar. Ýogsa-da, Medeniýetiň aýdyşyna görä, ony bilbil diýip ilkinji sapar belli aýdymçy Bella Rudenko atlandyrdy.Ol hem koloratura sopranonyň eýesidir. Köp şahyrlar Medeniýete bagyşlap goşgy döretdi, Nury Halmämmedow onuň üçin ýörite wokalistleriň altysyny ýazdy.
- Durmuş maňa beýik sazandalar we artistler bilen köp sanly duşuşyklary sowgat berdi, diýip, Medeniýet gürrüň berýär. – Maňa aýdym aýtmagyň sungatyny öwretdiler, men bolsa öz mugallymlarymdan zähmeti söýmegi, adamkärçiligi, ruhy ýitiligi, tomaşaçylaryň öňündäki jogapkärçiligi uly höwes bilen öwrendim. Ýaşy artdygyça adam üýtgeýär, ýöne bizde nähilidir bir duýgular bar, ol hiç wagt garramaýar, onuň esasynda hem durmuşa bolan höwesiň hiç-haçan solmaýar.
Häzirki wagtda Medeniýet Şahberdiýewa ussatlygyň inçe syrlaryny öz okuwçylaryna – Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplaryna öwredýär. Onuň üçin, öňden bolşy ýaly, esasy zat – milli sungata hyzmat etmek, ýurda we türkmen halkyna peýdaly bolmak bolup durýar. Bagty bolsa ol, türkmen sungatynyň gelejegi bolan ýaş zehinlerde öz ömrüni bagyş eden sungatyny mynasyp dowam etdirilmeginde görýär.