Türkmenabatda, Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi, şahyr Gurbannazar Eziziowyň ýagty ýadygärligine bagyşlanyp, döredijilik agşamy geçirildi. Häsiýeti boýunça romantik we inçe lirikaçy, şahyr, heläkçilik zerarly biziň aramyzdan ir giden, onuň döredijiliginiň köp sanly muşdaklarynyň ýüreklerinde hemişelik orun aldy.
Ol urşuň bir ýyl öň ýanynda bahar paslynyň ilkinji gününde oba mugallymynyň maşgalasynda dünýä indi. Onuň kakasy özüniň boş wagtlary zergärçilik bilen meşgullanardy. Kakasynyň ajaýyp we döredijilik ukyby onuň ýeke-täk oglyna hem geçipdi. Haçan-da şahyryň heniz mekdep ýyllarynda ýazan goşgulary çagalar gazetiniň sahypalarynda çap edilende onuň buýsanjynyň çägi bolmandy. Geçen asyryň 60-70-nji ýyllarynda ýaş şahyr eýýäm türkmen edebiýatynda özüni görkezmegi başarypdy...
Şahyryň ruhubelent poeziýasy älemden şugla saçýan ýyldyzlaryň öçmejek nury hökmünde, ene topragyň ýaş nesillerine öz nuruny hemişe eçiler...