“Asmanda ýyldyzlar altyn şöhlesini saçýarlar, ýöne seniň gözleriň olardan has owadan. Şeýle owadan gözler diňe söýgülimde bolup biler”.... Biz bu meşhur aýdymyň bu sözlerini estrada aýdymçylarynyň aýtmaklarynda häzire çenli diňläp gelýäris, käwagt bolsa özümiz hem aýdýarys. Bu aýdym ilkinji sapar köpleriň göwnünden turan “Aşyr agaň hötjetligi” türkmen filminde Raşid Beýbutowyň ýerine ýetirmeginde 60 ýyl mundan ozal ýaňlandy. Onuň awtorlary – türkmen şahyry Gara Seýtliýew we Azerbaýjanly kompozitor Andreý Babaýew - indi köp ýyllardan bäri biziň aramyzda ýok. Aýdymyň adamlaryň kalbyna siňen sözleri we onuň özüne maýyl eden sazy häzirki günlere çenli ýaşamagyny dowam etdirýär hem-de adamlaryň ruhlaryny şatlandyrýar.
Şu ýyl ýurduň edebi jemgyýetçiligi Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 100 ýyllygyny belleýär. Ol 1915-nji ýylda gowgaly döwürde doguldy. Edebiýat Garany hemişe özüne çekerdi, ýöne žanrlaryň ummanynda onuň üçin aýratyn orun eýeleýärdi.Ol Puşkiniň, Magtymgulynyň, Maýakowskiniň döredijiliklerini gyzyklanyp okardy. Olaryň döredijiligi onuň şahyr bolup ýetişmegine köp babatda öz täsirini ýetiripdi.
...Gara Seýtliýew bary-ýogy 56 ýaşady. Ol muny öňünden duýan ýaly, aýdyma öwrülen köp sanly şahyrana ýygyndyny, teatr oýunlary üçin birnäçe pýesalary, klassiki eserleriň türkmen diline terjime edilenlerini miras galdyryp, ol öz ömrüni örän netijeli peýdalandy.
G.Seýtliýewiň goşgulary Baku uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk eden döwründe, 1938-nji ýylda çap edlip başlandy. Romantiki şahyr hökmünde başlamak bilen, ol “Şahyryň döredijiligi” atly öz goşgulary bilen ilkinji gezek çykyş etdi. Ýöne, ýalynly kyrkynjy ýyllar oňa hem öz täsirini ýetirdi. Onuň Watana bolan söýgi içinden eriş-argyş bolup geçýän “Söweşjeň ylham” harby-watançylyk goşgular ýygyndysy çap edilýär.
Her bir döredijilik adamsyna mahsus bolşy ýaly, Gara Seýtliýew hem hemişe jemgyýetde bolup geçýän wakalaryň içinde boldy. Şonuň üçin hem onuň uruşdan soňky ýyllardaky poeziýasynyň publisistik-raýatlyk häsiýete eýe bolmagy kanuny ýagdaýdyr (“Çeşme”, “Beýik günüň astynda”, “Bütin ýyl bahar”). Ýöne kalby bilen lirikaçy bolan şahyr öz ýoluny ýadawsyz gözlemegini dowam etdirýär. Onuň poeziýasy örän ýönekeýden sada bolup, göze ilginçligi bilen tapawutlanmaýar. Hut şu näzik duýguly häsiýet hem onuň poeziýasynyň okyjylaryň ýadynda uzak wagtlap galmagyna getirýär. Onuň poeziýasynyň hoş owazlylygy köpleriň ünsüni çekdi – türkmen kompozitorlary Garanyň goşgularynyň üstünde uly höwes bilen işlediler, oňa saz saýlap aldylar, olar bolsa söýgüli aýdymlara öwrüldiler.
Gara Seýtliýew terjimeçi hökmünde hem işleýär. Onuň Puşkiniň “Gyzyl atly” poemasyny türkmen diline eden terjimesi häzirki wagtda hem türkmen okyjylary tarapyndan uly höwes bilen okalýar. Gara Seýtliýew dramaturg G.Muhtarow bilen bilelikde “Aýna” operasynyň sazynyň awtory hökmünde çykyş edýär, ýöne bu babatda dramaturgiýada has uly üstünlik ýaran boldy. “Bagbanyň gyzy”, “Allan aganyň maşgalasy”, “Kümüş papiros gutusy” ýaly çylşyrymly pýesalar has meşhurlyga eýe bolýar, “Çopanyň ogly” pýesasynyň esasynda bolsa hat-da çeper film hem surata düşürildi. Kompozitor D.Öwezowyň sazly oratoriýasyna şahyryň ýazan Watançylyk teksti onuň Magtymguly adyndaky Döwlet sylagyna mynasyp bolmagyna itergi berdi. Halklaryň dostlugy we medeniýeti baradaky oý-pikirler onuň ynsanyýet ruhunyň beýik aýdymçylary bolan Magtymgula, Puşkine, Hikmete ýüzlenip ýazan goşgularynyň içinden eriş-argaş bolup geçýär.
... Biziň paýtagtymyzyň merkezinde, aşgabatlylaryň söýüp dynç alýan ýerleri bolan “Ylham” seýilgähinde beýleki görnükli şahyrdyr medeniýet işgärleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýtliýewiň heýkeli oturdyldy. Şahyryň zehininiň muşdaklary we nesilleri oňa uly hormat hökmünde gül desselerini goýýarlar. Megerem şonda, bu ýere gelýänleriň her biriniň kalbynda şahyryň haçan-da bir wagtlar ýazan goşgylarynyň meşhur setirleri janlanaýandyr.