Türkmenabatda 1997-1998-nji ýyllarda doglan ýaşlaryň arasynda boks boýunça geçirilen Türkmenistanyň çempionaty tamamlandy. Bäsleşik boksa ýöriteleşdirilen 8-nji mekdebiň uly zalynda bäş günüň dowamynda geçirildi. Bäsleşige gatnaşan 160-dan gowrak türgenleriň arasyndan on agram derejede iň gowulary saýlandy.
Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän Farap etrabynyň uly bolmadyk Jeýhun şäherçesinden ýaş ussatlaryň üçüsiniň ýeňiji bolmagy çempionatyň uly wakasy bolan bolsa gerek. Olaryň üçüsi – Ýe. Çaryýew, M.Hamraýew we B. Myradow - hormat basgançagynyň iň ýokary basgançagyna çykdylar. Olar degişlilikde 52, 56 we 64 kilogram agram derejede ýeňiş gazanmagy başardylar, ýene iksi bolsa – A.Asadow we M.Garýagdyýew bolsa baýrakçy boldular. Olaryň ählisi Türkmenistanyň öňki bäş gezek çempiony Myrat Ýomudowyň elinde tälim alýarlar. Oglanlaryň sport bilen meşgullanmaklaryny olaryň okaýan etrabyň 17-nji orta mekdebiniň mugallymlar topary goldaw berýär.
Beýleki agram derejelerde lebaplylar M.Salimow (49 kg) we G.Akyýew (91 kg), aşgabatlylar T.Pazzyýew (60 kg), H. Nurýagdyýew (75 kg) we M.Çaryýew (81 kg) dagy ýurduň çempionlary boldular. 69 kilogram agram derejede daşoguzlylar A. Madrainow we M.Geldinazarow duşuşdylar. Bäsleşikde iki boksçy hem bäsleşige oňat taýýarlykly görendiklerini görkezdiler, ýöne netijeli we taktiki babatda emin agzalary A.Madraimowy ýeňiji hasap etdiler.
91 kilogramdan hem agyr derejede geçirilen bäsleşik uly gyzyklanma döretdi. B.Toýçyýew eýýäm birinji tapgyryň ortasynda tutluşygy nokaut bilen ýeňmegi başardy.
Ýeňijileriň ählisi medallar, diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen dabaralary ýagdaýda sylaglandylar.