Ï «Güller gülüp jogap berýärler…»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Güller gülüp jogap berýärler…»

view-icon 1155
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde, indi däbe öwrülen 8-nji marta - Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, golland gülleriniň sergisi açyldy. Türkmenistanyň Zenanlar guramasy we Medeniýet ministrligi bu serginiň gurnaýjylary bolup çykyş etdiler.


Muzeýiň myhmanlaryna “Mukam” skripkaçylar toparynyň uly hyjuw bilen ýerine ýetiren Wena balynyň sazynyň owazy astynda owadan gülleriň ýakymly ysly dünýäsine aralaşmaga we paýtagtyň “Ak bägül” salonynyň bezegçileriniň owadan güllerden ýerine ýetiren fantaziýasyny synlamaga mümkinçilik boldy. Her biriniň öz manysy bolan gül kompozisiýalary diňe bir gül hökmünde haýran galdyrman, eýsem olar çeperçilik taýdan örän inçelik bilen bezelendigi bilen hem haýran galdyrýar. Bu ýerde öňde duran Aziada-2017-niň güllerden ussatlyk ýasalan nyşany hem hemmeleri haýran galdyrýar. Onuň merkezi söýgüniň alamaty bolan gyrmyzy bägüller bilen bezelipdir hem-de durmuş bakylygynyň beýany bolan sumrug guşunyň keşbi goýlupdyr. Deňiz tematikasy hem ünsden düşürilmändir. Ak bägüllerden bezelen we täze belentliklere tarap okgunly öňe barýan biziň ýurdumyzy alamatlandyrýan ýelkenli gämi aýratyn haýran galdyrýar.


Ak mermerli Aşgabada bagyşlanan kompozisiýa, şeýle hem beýleki ter bägülleriň ýüzlerçe görnüşinden ýasalan polotnolar ünsüňi çekýär. Örän köp mükdardaky bägülleriň gowaçanyň açylan hanasyndaky pagta bilen örän sazlaşykly bolmagy, näzijek lewkoýlar, bezeg sogany we ýagty reňkli günebakarlar bu ýere gelýänleri haýran galdyrýar.

Zalyň merkezinde ýurdumyzyň Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan – ýer şarynyň üstünde parlaýan Türkmenistanyň Döwlet baýdagy we parahatçylygyň alamaty bolan kepderiler ornaşdyrylan uly gül kompozisiýasy goýlupdyr.