Şu gün paýtagtda: “Ylham” seýilgähinde, Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada, “Watan” we “Türkmenistan” kinokonsert merkezlerinde “Zenanlar -Watan buýsanjy” umumy at bilen baýramçylyk konsertleri geçirildi. Meşhur sungat ussatlary, estrada aýdymçylary we halk aýdym-sazlaryny ýerine ýetirijiler, professional we çeper höwesjeň toparlary, ýaş artistler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň öňünde öz ylham joşgunlary bilen çykyş etdiler.
Konsertleriň programmalarynda – ýürekden çykýan romanslar we goşgular, söýgüli aýdymlar we täsir galdyryjy tanslar, nusgawy eserler we folklor görnüşindäki kompozisiýalar ýaňlandy. Zenanlar barada we zenanlar üçin, eneler, Watan, söýgi we owadanlyk hakyndaky aýdymlar tüýs ýürekden we gyzgyn ýerine ýetirildi
Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň merkezi geňeşi we Medeniýet ministrligi tarapyndan guralan Zähmetde uly üstünlik gazanýan, çagalaryny terbiýelemekde görelde görkezýän, jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýan zenanlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen aýdym-sazly dabara has hem şowhunly boldy.
Şeýle hem uly konsert dabaralary welaýatlaryň dolandyryş merkezlerinde we welaýatlaryň irili ululy şäherlerinde, oba ýerlerinde giňden geçirildi. Umuman bu baýramçylyk ajaýyp we şowhunly häsiýete eý bolup olarda güller we güllere meňzäp duran gelin-gyzlaryň ýakymly hem-de şadyýan gülküleri baýramçylyk dabaralarynyň bezegine öwrüldi.