Geçen asyr däl-de ondan öňki asyrda, haçan-da häzirki wagt bilen deňeşdireniňde durmuş depgini, aýratynda oba ýerinde, gowşak wagtnda, hemme wakalar takyk senede bellenilmeýärdi. Şonuň üçin hem Ýazjemal Gulmyradowanyň pasportynda doglan ýyly bellenilýän böleginde 1892-nji ýyl dur.
Biz Halkara zenanlar gününiň öňisyrasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Baýramaly etrap komitetiniň başlygy we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiň Baýramaly bölüminiň başlygy bilen bilelikde bu uzak ýaşly zenanlara myhmançylyga bardyk.
Ýazjemal daýza bilen duşuşmazdan ozal bize onuň garyndaşy bilen söhbetdeş bolmak miýesser etdi: enem elini gowşuryp oturmagy halamaýar, haçan-da ol işlände gije-gündizini ýatdan çykarýar, “alaja” örÝär, sapagy bolsa ikde egirýär. Käwagt bolsa tikin tikmek bilen meşgul bolýar, ýöne ol el işleriniň hemmesini elde edýär, adaty iňňe bilen işleýär. Özi hem ol örän alçakdan mähirli, hemme zat bilen gyzyklanýar, ýatkeşligi gowy... goşgy hem düzýär. Bizi hem ol milletiň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen baglanyşykly bagtyýar durmuşy wasp edýän goşgy bilen garşy aldy. Biz bolsa öz nobatynda ýaşuly zenany bahar baýramy bilen mähirli gutladyk, gül sowgat berdik. Ondan soň bolsa biziň gürrüňimiz durmuş, iş, söýgi, ynamlara barada bolup, ol utgaşyp gitdi.
Ýazjemal daýza Türkmengala etrabynyň Rahat obasynda dünýä inýär, häzirki wagtda bolsa Baýramaly etrabynyň Azat geňeşliginde ýaşaýar. Adaty daýhan maşgalasynda önüp ösýär, çagalar zähmetde we durmuşda şahsy zähmet çekmek nusgasynda terbiýelenýärdi. Ol 16 ýaşynda öz obadaşy Körpe Atajanowa durmuşa çykýar. Durmuş bolsa ýeňil däldi. Şol ýyllarda, meselem, daýhanlar ekin meýdanlaryny tekizlemek üçin topragy öz eginleri bilen daşardylar. Ýöne el zähmeti şol döwrüň mehanizimleşdirilmedik oba hojalygynda kadady, durmuş bolsa maşgala abadançylygy üçin aladadan doludy. Üç çaga – ogly Eziz we gyzlary Garagyz we Enegyz ösüp ýetişip barýardylar.
Uruş onuň durmuşyna hem öz şarpygyny çaldy. Onuň adamsy söweş meýdanlaryndan gaýdyp gelmedi. Biziň söhbetdeşimiz gaýtadan ýene-de durmuşa çykdy. Ol bu sapar kolhozyň 60 başdan ybarat bolan düýä sürüsini bakýan Ýalak Gulmyradowa durmuşa çykýar. Ýazjemal öý hojalygy bilen meşgul bolýardy, keçe ýasaýardy, tikin-çatyn bilen meşgullanýardy, gerek bolan halatynda bolsa adamsyna kömek etmek bilen, düýelere seredýärdi. Maşgalada ýene-de çagalar – Gözel, Nurmuhammet, Aýjemal we Jahan dünýä indi. Geçen döwürleri barada Ýazjemal: «Meniň durmuşym – uly hysyrdylardan we uly bagtdan ybarat!» diýip, ýatlaýar.
Ol öz neslini ýaşy boýunça yzygiderlilikde sanajak bolup, sanyny bulaşdyrýar. Eger-de biz geljegimizi öňünden duýduran bolsak, onda onuň garyndaşlary diňe bir bu uly otaga ýerleşmän, eýsem giden giň howla hem ýerleşmezdi diýip, aýdýar. 36- sany agtyk, 100 sany çowluk we 38 sany ýuwluk – bu bir giden döwletlilik. Golaý wagtda maşgalada ýene-de bir çaganyň – eýýäm dördünji arkanyň dünýä inmegine garaşylýar. Bularyň uly maşgalasynda ekerançy hem, demirçi ussa hem, tikinçi hem, mugallym hem, harby gullukçy we beýleki hünärleriň wekilleri hem bar.
Ýazjemal daýzanyň kömekçileri örän köp – uly ýaşdakylary hem, örän kiçijikleri hem bar. Meselem ikinji synpda okaýan we okuwlaryna örän gowy ýetişýän ýuwlugy Mähriban oňa ýakyndan kömek berýär. Onuň şeýle alada bilen gurşalyp alynmagy oňa ýaşly ýa-da garrylyk ýaşynda diýip aýdyp bolman, eýsem oňa uzak ýaşly diýip aýdasyň gelýär. Özi hem, Ýazjemal daýzanyň nygtaýşy ýaly, ol özüniň bütin ömründe hiç wagt kesellemedi diýen ýaly we häzirki wagtda dermanlary örän seýrek ulanýar. Biziň söhbetdeşlik edýän wagtymyz bu mährem enäniň milletiň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli amala aşyrýan Saglyk ýoluna onuň hem çykýandygy biz üçin garaşylmadyk täsin waka boldy. Bu barada uzak ýaşly enäniň özi agzyndan sypdyrdy, ol barada onuň çowlugy, ýerli mekdebiň bedenterbiýe mugallymy Kakyş Körpäýew jikme-jik gürrüň berdi.
Telewizorda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Saglyk ýolundan geçişini görüp, Ýazjemal daýza: adamlara ruhubelentlik we saglyk paýlaýan bu meşhur dag ýolundan men hem geçäýsedim diýip, çynlakaý aýtdy - onuň 122 ýaşy bar ahbetin. Maşgalada bu pikir iki elläp kabul edildi hem-de oňa Aşgabada sapary guramak, paýtagtyň we onuň etekleriniň ajaýyp we owadan ýerlerini görkezmek kararyna gelindi.
Geçen ýylyň tomsunda olar ýola düşdiler. Ulag bilen paýtagta syýahat etmek üçin bu uly ýaşly ene üçin hemme zat göz öňünde tutulup, taýýarlyk görüldi. Sapar on gün dowam etdi. Ýazjemal daýza Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Köwata ýerasty kölüne hem baryp gördi. Özi hem ýerasty köle çenli aşak düşmek kararyna geldi, şeýlelik bilen bu ýaşuly ene alňasaman köle çenli baryp ýetdi hem-de aýratyn bir goldawsyz ýokaryk çykdy. Arçmana hem baryp gördi we ol häzirki wagtda bu şypahanada on günläp dynç almak barada pikir edýär. Ýöne paýtagtda soňky döwürde gurulan täze binalar we ýollar onda uly täsir galdyrdy. Şunlukda, bu uzak ýaşly ene we onuň ýakyn hossarlary üçin Saglyk ýoluna baryp görmegi we ondan geçmegi paýtagta bolan bu saparyň ýatdan çykmajak wakalarynyň biri boldy. Agtykdyr çowluklarynyň goldaw bermeklerinde basgançak yzyna basgançak ýokary galyp, Ýazjemal daýza bu ýolda az wagtlyk dynça alyp, ýalbarmalara gulak asman ýokary galdy.
Şol gün Saglyk ýoluna çykan sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänler bu ýaşuly enäniň kiçijik göwresine üns berip, oňa öz kömeklerini bermegi teklip etdiler. Ýaşuly ene olara taňryýalkasyn aýdyp, ak mermerli Aşgabadyň ajaýyp görnüşini synlap bolaýan ýere - bu saglyk ýolunyň ýokary başyna çenli ýoluny dowam etdirdi.
Dag gerşiniň belentliginde ol dagyň jana şypa beriji pessaý öwüsýän şemalyna garşy ýüzüni öwrüp ondan dem aldy hem-de guşlaryň saýraýan owazyna gulak asyp: gör men nähili bagtly diýip, aýtdy. Uzak ömrüni zähmet çekip ýaşan ene öz çagalarynyň bagty barada arzuw edipdi. Ynha-da ol bagt – biziň owadan we bereketli topragymyz, arassa asman, owadan we baý şäherlerimiz, göwni açyk adamlar! Eýsem bu hakyky bagt dälmidir!
... Ýazjemal daýza sapardan ruhubelentlik bilen gaýdyp geldi, özünde galan täsirleri hemmeler bilen paýlaşdy. Ýol ony hiç bir babatda ýadatmady. Onuň garyndaşlarynyň aýdyşlary ýaly, ol käwagt Baýramaly şäherinde we onuň golaýynda ýaşaýan çowlukdyr ýuwluklaryna özbaşdak awtobus bilen myhmançylyga gitmäge hem hyýallanýar. Umuman, ýaşyna garamazdan onuň örän işjeň we manydan doly durmuşy bar.
123 ýaş! Şunça ömri ýaşamak üçin aýratyn iýmitlenmek we düzgün gerekdir diýip, men pikir etdim. Muňa jogap şeýle boldy: “Özüňiz pikir edip görüň, haçan-da adam gije-gündizligine garamazdan alada , iş bilen ýaşanda oňa aýryn iýmitlenmek zerur däl. Bu babatda hakykatyň üsti bir wagt açyldy: iýmek üçin ýaşamaly däl, ýaşamak üçin iýmeli. Biziň bu ýaşuly enemiz ýönekeýje ýaşady, zähmet çekdi we durmuşda gabat gelen islendik kynçylyklarda hem çagalaryna, maşgalasyna, durmuşa, ýalkym saçyp duran baý güneşimize guwanyp ýaşady”.