Ï 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlaryna meýletinleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlaryna meýletinleri taýýarlamak işleri alnyp barylýar

view-icon 935
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde geçirilen fakultetara bäsleşigi Aşgabatda 2017-nji ýylda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň nobatdaky tapgyry boldy. Oňa öňde duran sport baýramçylygy wagtynda meýletin kömekçileriň hataryna goşulmaga isleg bildiren bu ýokary okuw mekdebiniň talyplary gatnaşdylar.

Hünär ussatlygyndan daşgary hem iňlis dilinde arkaýyn gürläp bilmek bu bäsleşigiň esasy şertleriniň biri boldy. Şonuň üçin hem Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary we talyplary häzirki wagtda daşary ýurt dillerini, aýratyn hem iňlis dilini, çuňlaşdyryp öwrenmegi alyp barýarlar. Bu maksatlar üçin daşary ýurt wekillerine berkidiljek meýletinler hökmünde işlejek lukmançylyk kömeklerini berjek lukmanlar üçin hem, talyplar üçin hem ýörite okuw maksatnamalary işlenilip taýýarlanyldy.

Talyplary-meýletinçileri iňlis dili boýunça taýýarlamagyň maksatnamasy bolsa diňe bir iňlis dilinde gürleşmek endigini ele alman, eýsem türkmen paýtagtynyň owadan we gözel ýerleri barada gürrüň bermegi, myhmanlaryň gyzyklandyrýan sowallaryna jogap bermegi hem göz öňünde tutýandyr. Okuw sapaklary bu ýokary okuw mekdebinde ornaşdyrylan häzirki zaman tehnikalaryny ulanmak bilen, interaktiw usulynda alnyp barylýar. Mundan hem başga, praktiki sapak hökmünde, daşary ýurtly myhmanlaryň şäheriň owadan ýerlerinde gezelenç edip ýören mahalynda olar bilen söhbetdeşlikler hem guralýar. Şeýle hem bu uniwersitetiniň mugallymlary tarapyndan Gysgaça türkmen-iňlis-rus sözlügi-gepleşik kitapçasy hem taýýarlandy.

Bu geçirilen bäsleşik talyplar üçin özboluşly aralyk synagy boldy. Şeýlelikde, arassa iňlis dilinde geçirilen bäsleşigiň ýumuşlarynyň arasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan paýtagt bilen, syýahatçylary onuň meşhur ýerleri bilen tanyşdyrylyşy, Aşgabadyň olimpiýa desgalary, şeýle hem öňde duran bäsleşiklere goşulan sport görnüşleri barada gürrüň bermek ýaly ýumuşlar boldy. Meýletinçileriň bäsleşiginiň ýeňijileri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň indiki tapgyryna saýlandylar.