Ï Däp-dessurlar owadanlygy döredýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Däp-dessurlar owadanlygy döredýär

view-icon 1060
Döwlet muzeýiniň Döwlet medeniýet merkezinde saklanylýan bürünç eýýamynyň artefaktlary göreniňde gadymy döwrüň adamlarynyň estetiki taýdan şeýle ösendigine göz ýetirmek bolýar. Özi hem muny ajaýyp ybadathana gurluşlarynda, şeýle hem inçe zergärçilik sungatynda, ownuk heýkeltaraşlyk işlerinde görmek bolýar.

Muzeýiň köp sanly kolleksiýasy gadymyýetiň zenanlarynyň ulanan zatlaryny öz içine alýar. Olaryň arasynda Marguşly zenanlaryň ulanan gutujyklaryny, myhlaryny, daraklaryny, aýnajyklaryny görmek bolýar. Olaryň ýakymly ysly atyrlary hem ulanandyklary gürrüňsizdir. Haçan-da bir wagtlar güllerden we ösümlikleriň köklerinden taýýarlanan suwuklyklary bilen doldurylan kiçijik gutujyklarynyň 50-den gowragy biziň muzeýimizde saklanaýar. Olara degişli bolan piliň süňkünden we demirden ýaslan taýajyklar bolsa has hem köpdür. Bular diňe bir Goňurdepe we Ajyguýynyň çäklerinden tapylan tapyndylardyr.


Bu tapyndylaryň her biri gaýtalanmajak owadanlyga eýedir. Olar özleriniň daşky görnüşi we bezegleri boýunça dürli-dürlidir. Olaryň birisinde geometriki şekiller agdyklyk edýär, beýlekileri bolsa - many taýdan ähmiýete eýe bolan suratlardan ybaratdyr. Olaryň biri Ýewropada, aýratyn hem Gollandiýada, uly gyzyklanma döreden, Ýewropa tötänleýin Gündogardan düşen güldür. 1643-nji ýylda Gollandiýanyň ähli ilaty diýen ýaly çigildem güli bilen gyzyklanypdyr. Adamlar del gülüň hasylyny satyn alypdyrlar hem-de ony öz baglarynda ösdürip ýetişdiripdirler. Çigildem güli şeýle bir uly meşhurlyga eýe bolupdyr. Hat-da Rubens we Rembrandt ýaly beýik hudožnikler hem öz çeken suratlarynda çigildem gülüniň şekilini döretmän oňmandyrlar.

Muzeýiň kolleksiýasyndaky çigildem gülüniň şekili çekilen gapjagaza 4 müň ýyl töweregi ýyl! Müňlerçe ýyl mundan ozal döredilen çigildem gülleriniň şekilleri türkmen topragynyň gök ýaýlalarynda ösýän häzirki zaman güllerine meňzeşdir. Türkmen gyzlary we zenanlary biziň häzirki günlerimizde hem, gadymy türkmen zenanlary ýaly, milli lybaslarynda “çigildem güli” nagşyny ulanýarlar, has hem onuň bilen kellä atynylýan lybaslarynda ulanýarlar. Gadymy ussalar kiçijik çüýşe gaplarynda diňe bir çigildem gülüni çekmek bilen çäklenmändirler. Olara piliň süňkünden ýasalan taýajyklarda hem gabat gelmek bolýar. Olary, mümkin, saçy gysdyrmak ýa-da ýakany ýa-da bil guşagyny berkitmek üçin ulanandyrlar.

Muzeýiň kolleksiýasynda kiçi göwrümli gaplar örän köpdür. Zenanlar olary ýakymly ysly, kosmetiki, dermanlyk serişdelerini garmak üçin hem ulanypdyrlar. Bu önümiň Marguş ýurdunda örän gerek bolan önümdigi gürrüňsizdir.