Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkezinde Milli bahar baýramyna bagyşlanyp sergi açyldy. Bu ýerde hudožnikleriň bahar giňişlikleriniň owadanlygyny wasp edýän suratlary, heýkeltaraşlaryň, keramikaçylaryň işleri, gadymy we häzirki zaman gölleri bilen utgaşýan žiwopis peýzažlary şekillendirilen türkmen el halylary görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde köpüsine eýýäm ýüz ýyldan hem gowrak wagt bolan türkmen milli saz gurallarynyň kolleksiýasy görkezilýär.
Inçeden ýasalan, kümüş bilen sazlaşykly bezelen, nagyşlarynyň owadan gülleri bilen XVIII-XIX asyrlara degişli bolan türkmen zenanlarynyň bezegleri bu ýere gelýänlerde gyzyklanma döredýär. Eksponatlaryň arasynda häzirki zaman zergärleriniň ajaýyp işleri – daşdan we demirden ýasalan heýkeljikler kümüşiň ýüzüne altyn çaýylyp ýasalan küýzeler we güldanlar, zergärçilik kompozisiýasy, oýulyp ýaslan sagatlar we sowgatlyklar bar. Sirkonlar, oniks, altyn çaýylan kümüş we hrustal güneşli ýaz güni ýaly ýalkym saçýar.
Çeper eserleriň ýaz äheňleri zaly gülläp oturan güňişlikler bilen üstüni ýetirýär. S.Meredowyň we K.Oraznepesowyň peýzažlary, A.Ataýewiň “Bahar” gobeleni, A.Taganowyň we M.Ataýewanyň açylyp ugran gunçanyň şekili görnüşinde döreden keramiki wazasy tebigat peýzažyny görkezýär.
D.Baýramowyň “bahar bägülleri”, N.Ýurýewiň “Siren”. Ýu.Grişiniň “Ak akasiýa” flora natýumortlary öz täsinlikleri bilen tapawutlanýar. Ý.Ataýewiň “Nowruz”, T.Esenmämmedowyň “Toý” eserleriniň, Ý.Annanurowyň aýdym aýdýan bagşy atly işiniň we beýlekileriň içinden eriş-argaş bolup geçýär.