Ï Skaýrannig boýunça Türkmenistanyň kubogynyň birinji tapgyry tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Skaýrannig boýunça Türkmenistanyň kubogynyň birinji tapgyry tamamlandy

view-icon 856
Ajaýyp Gökderede Skaýrannig boýunça Türkmenistanyň kubogynyň birinji tapgyry geçirildi. Sportuň bu görnüşi Türkmenistan üçin täzedir. Skaýrannig alpinizmiň bir görnüşi bolup, onda beýikli-pesli ýerler boýunça ylgaw geçirilýär. Bu sözüň özi iňlis dilinden terjime edilende “beýiklikde ylgamagy” aňladýar.

Bäsleşikler “Sagdynlyk we bagtyýarlyk’ bir aýlygyň öňüsyrasynda Arçabil häkimliginiň goldaw bermeginde Sport baradaky döwlet komiteti ‘Agama’ alpinistler kluby bilen bilelikde gurady. Türgenler 29 martda Duşakerekdagyň (2482m) belentligine çykmak üçin onuň eteginde ýygnandylar. Aralyk 2 kilometrden gowrak ýol. Bu ýönekeý ýylda uzak ýol däl, ýöne beýikli-pesli ugur boýunça badalgadan pellehana çenli iki müň metre golaý ýoly geçmek ýeňil synag däl. Alpinistleriň aýdyşy ýaly, daglyk ýerinde aralyk kilometr bilen ölçelmeýär.


Bäsleşikler ýaz pasly mynasybetli dag gerişleriniň ýaşyl begrese bürenen döwründe geçirildi. Howa ýokary galmaga öz oňaýly täsirini ýetirdi. Ýukajyk bulut gün şöhlesiniň öňüni tutýardy, mylaýym öwüsýän şemal bolsa keýpiňi göterýärdi. Haçan-da bäsleşige gatnaşyjylar pellehanadan aşak düşüp ugranlarynda agşama golaý dagy duman gurşap aldy.

Ir bilen deňiz derejesinden 500 metr ýokardaky bellikde gatnaşyjylaryň ellä golaýy, ýeňişe dalaşgärler topary derrew emele geldi. Ilkinji synag nokadyna - 1000 metr belentlige örän jebis ýagdaýda geldiler. Aslyýetinde bu biliň ýazmak üçin uçastokdyr. Esasy kynçylyklar bolsa öňde durdy.

Deňiz derejesinden iki müň metr belentlikdäki uçastokda kert we uzyn belentlikler köpdi. Muňa garamazdan bu dartgynlyk bäsleşigi gowşatmady, mese-mälim öňe çykanlary ýüze çykarmak başartmady. Hemme zady ýoluň ýene-de 500 metr ýokary galýan soňky bölegi çözdi.

Duşakerekdaga çykmak boýunça bu bäsleşikde aşgabatlylar Alekper Ahmedow we Maksim Gordiýenko ýeňiji boldular. Bu aralygy geçmek üçin olara 2 sagat 21 minut gerek boldy, üçünji bolup pellehana balkanabatly Wladislaw Alyýew geldi. Zenanlaryň arasynda Mähri Kulyýewa (Aşgabat) iň gowy netijäni görkezmegi başardy.

Ýokary çykmak boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri - skaýrannig boýunça Türkmenistanyň ilkinji Kubogyny almak ugrunda ýeňiji bolanlar gowy iş görkezdiler. Olara ýene-de üç tapgyry geçmek garaşýar. Onuň birinjisi – sentýabr aýynda Harlasanga (1643 m), noýabrda Arlana (1881 m) we jemleýji tapgyrda dekabr aýynda Saglyk ýoluna çykmak garaşýar.