Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň ýanyndaky Aşgabadyň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde amala aşyrylýan myhmansöýerlik senagatynyň işgärleri üçin hünär kämilligini ýokarlandyrmak boýunça okuw tapgyrlaryny dowam etdirer.
Nobatdaky iki aýlyk okuw – fewral-mart aýlarynda paýtagtyň myhmanhanalarynyň adminstratorlary, iýmit gullugynyň işgärleri, ofisiantlar, hyzmat ediş gullygynyň işgärleri üçin guraldy. Olar Aziadanyň geçirilýän günleriň Aşgabadyň myhmanlaryny hem garşy alarlar hem-de olara hyzmat ederler.
Okuw-sapaklaryny golaýda tamamlan diňleýjiler - “Grand-Türkmen”, “Bagt köşgi”, “Ak altyn”, “Aşgabat”, “Laçyn”, “Mirap”, “Arkaç”, “Nebitçi”, “Aziýa”, “Azatlyk”, “Köpetdag”, “Altyn suw” we “Parfiýa” myhmanhanalarynyň işgärleridir. Olar öz hünärlerine bildirilýän talaplary baýlaşdyrdylar we özleşdirdiler, hyzmat etmegiň guralyşyny iş ýüzünde özleşdirdiler.
Syýahatçylyk-myhmanhana ulgamynyň işgärleri üçin medeniýetli gürlemek hökman gerek usullaryň biridir, etikany düýpli bilmek, hoşgylawlylyk,açyk göwünlilik, sypaýylyk, ünsli we edeplilik, ýerine ýetirijilik we jogapkärçilik ýaly endikleri pugta bilmelidirler. Ine şunuň ýaly şahsy-psihologiki sapaklar “Ak altyn” we “Grand Türkmen” myhmanhanalaryň binýadynda geçirildi. Sapakalary bu ulgamda onlarça ýyl bäri iş tejribeleri bolan tejribeli mugallymlar O.Annamyradowa, O.Saparow, A.Ýaýlanow dagy we beýleki hünärmenler geçirdiler. Halypalaryň ýokary hünär derejesini olaryň taryh, filosofiýa, jemgyýetçilik ylymlarynyň kandidatdygy hem tassyklaýar.
“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda hem hyzmat ediş derejesini ýokarlandyrmak boýunça uly göwrümli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň 10-njy martyndan 28-nji marty aralygynda Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti tarapyndan Awazada myhmanhanalaryň we sagaldyş merkezleriniň hyzmat ediş işgärleri üçin hünär kämilligini ýokarlandyrmak boýunça sapaklar gurnaldy. Bu ýerde ýene-de Aşgabadyň orta hünär okuw ,mekdebiniň mugallymlary sapak geçdiler.
Paýtagtyň Olimpiýa şäherçesinde 17-nji fewralda Aziada-2017-iň meselelerine bagyşlanyp geçirilen maslahatda Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetine myhmanhana hyzmat ediş ulgamy we syýahatçylyk hyzmatlaryny guramak boýunça hünärmenleri, şeýle hem ýokary hünärleri, gid-terjimeçileri taýýarlamak tabşyryldy.
Gid-terjimeçileri okatmak – ýerli bazarda täze bilim önümi bolup durýar. Bu taslama Aşgabat şäheriniň syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi tarapyndan amala aşyryldy. Geçen ýyl bu ýerde gid-terjimeçileriň ýokary hünärli hünärmenleriniň ilkinji göýberilişi boldy. Türkmenistanda syýahatçylyk ulgamynyň çalt depginler bilen ösdürülmegi bu hünärli hünärmenlere ýokary islegiň bardygy bilen şertlendirilýär. Paýtagtyň syýahatçylyk hünär okuw mekdebinde hem döwlet syýahatçylyk edaralarynda, hem ýurduň hususy syýahatçylyk hususy kärhanalarynda işleýänler üçin gysga möhletleýin hünär kämilleşdiriş okuwlary guralýar. Bu okuw sapaklary gid-terjimeçiler üçin syýahatçylara hyzmat etmekligiň häzirki zaman standartlaryny özleşdirmekleri üçin oňat iş tejribesi, öňde duran çynlakaý synaga – Aziada-2017-dä taýýarlyk görmegiň ilkinji ädimlerini biri bolar.