“Aziada-2017 we Türkmenistanyň ösüşiň hem-de parahatçylygyň bähbidine sportda tutýan orny” atly halkara maslahat şu gün öz işini bölümlerde dowam etdirdi. Olarda halkara we milli sport federasiýalarynyň derejesinde özara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, dünýä we yklym derejesinde iri sport çärelerini geçirmegiň tejribesine garaldy.
Birinji bölüm Milli sport we syýahatçylyk institutynyň maslahatlar zalynda esasan hem ýapyk binalar üçin sport görnüşleriniň federasiýalarynyň wekillerini jemledi. Mejlise we söhbetdeşlige gatnaşmak üçin ýokarda agzalan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary, forumyň beýleki wekilleri hem çagyryldy.
Kabul edýän tarapyň wekilleri tarapyndan bellenilişi ýaly, türkmen türgenleriniň dürli halkara ýaryşlarynda gazanan köpsanly üstünlikleri bilen birlikde, ýurdumyzda Aziýa oýunlarynyň geçirilmegini halkymyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanan nobatdaky ýeňşi diýip ynamly aýtmak bolar. Milli Liderimiz sagdyn durmuş ýörelgesiniň işjeň tarapdary bolmak bilen, türkmenistanlylaryň millionlarçasyny sport bilen meşgullanmaga ruhlandyrýar. Hut, döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen milli sport hereketi örän gysga wagtyň içinde öň görlüp-eşidilmedik derejä çykaryldy.
Bölümde çykyş edenleriň arasynda Aziýanyň sport tansy federasiýasynyň prezidenti Keýji Ukai, Halkara atçylyk sport federasiýasynyň baş sekretary Sergeý Buýkewiç, Aziýanyň Bilýard Sport Konfederasiýasynyň prezidenti Mubarak Al-Khýarin, Aziýanyň ýeňil atletika assosiasiýasynyň wise-prezidenti Alekseý Kondrat, Aziýanyň Bouling federasiýasynyň tehniki we Aziýa ýaryşlarynyň direktory Dante Arnold Santos, Aziýanyň Küşt federasiýasynyň baş sekretary Hişam Al Taher, Aziýanyň futbol klubunyň futzaly ösdürmek bölüminiň direktory Ali Targholizadeh we beýlekiler bar.
Myhmanlar şeýle hem Olimpiýa şäherjiginiň sport toplumlaryny enjamlaşdyrmak meselelerine üns berdiler. Myhmanlar düýn bu şäherjige baryp gördüler. Toplumyň ähli desgalary Halkara Olimpiýa Komitetiniň we Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň tehniki kadalaryna, ýokary halkara ülňülerine laýyklykda guruldy we gurulýar. Daşary ýurtly kärdeşler şäherjigiň oýlanyşykly meýilleşdirilişine we meşhur olimpiýa toplumlaryndan, mysal üçin, Londonyň olimpiýa toplumyndan birjik-de pes durmaýan desgalaryň döwrebap bezegine, maksatlaýyn mümkinçiliklerine hem-de hil derejesine ýokary baha berdiler. Bölümiň işinde nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzyň hökümetiniň taýýarlyk işlerine hemmetaraplaýyn goldaw bermegi, dünýäniň iň gowy hünärmenleriniň ýokary hünär derejesine we iş başarjaňlygynyň esaslanmagynyň öňümizdäki Oýunlaryň üstünligine ýardam edýän esasy şertlerdir.
Beýleki bir bölümde Olimpiýa we Aziýa oýunlaryny guramakda we geçirmekde dürli ýurtlarda toplanan iň gowy tejribe bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu bölümiň işi söweş sungaty federasiýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň maslahatlar zalynda geçirildi. Aziýa federasiýalarynyň we birleşikleriniň adyndan olaryň ýolbaşçylary: Mohammed Hasan Jalood (agyr atletika), Alamžon Mullaýew (sambo), Susumu Ýoşida (pauerlifting), Naser Nassiri (kikboksing), Çolamrez Jafari (türkmen göreşi) çykyş etdiler.
Inçhonda geçirilen Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk komitetiniň uly kätibi Jeongsang Parkyň çykyşy iş ýüzündäki peýdaly maslahatlar nukdaýnazaryndan maglumatlara örän baý boldy. Sport çäreleriniň tehniki üpjünçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalarynyň ýolbaşçylary tarapyndan hem gyzykly pikirler we teklipler beýan edildi. Şol pikirleri “Polymedia” kompaniýasynyň baş direktory Ýelena Nowikowa we “Maison Dellos” kompaniýasynyň baş dolandyryjysy Aleksandr Zaýsew öňe sürdüler.
Uly sport çärelerini guramagyň we geçirmegiň bütin dünýä tejribesiniň seljerme syny özüne dabaraly açylyşlaryň režissurasy, meýletinçiler bilen işlemek, mahabat we maglumat goldawy, tomaşaçylar we okyjylar köpçüligini çekmek, şol sanda Internet – serişdelerinden peýdalanmak, şeýle hem myhmanlary kabul etmek ýaly meseleleri birleşdirdi. Olaryň ählisine Aziýada-2017-ä taýýarlyk görmek nukdaýnazaryndan garaldy. Iri maýadarlary, öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýä tejribesini çekmek bilen giň möçberli sport çärelerini geçirmäge ýurduň durnukly ösüşi üçin binýat hökmünde garaldy. Munuň özi diňe bir serişdeleriň we usullaryň toplumy bolman, eýsem, durmuş we ykdysady ulgamlarda uzakmöhletleýin oňyn özgerişlikleri döretmäge gönükdirilen anyk taslamalaryň we başlangyçlaryň bitewi toplumydyr.
Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna hemmetarpalaýyn taýýarlyk görmek hut şeýle çemeleşmä esaslanýar. Ol sport we sagdyn durmuş ýörelgesi, parahatçylyk we hyzmatdaşlyk, ykdysady taýdan rowaçlyk we döwrebap tehnologiýalar, şeýle hem milli medenýiet we ruhy miras ýaly esasy ýörelgelerden we gymmatlyklardan ugur alýar.
Bölümlerdäki mejlisler tamamlanandan soň, maslahatyň ýapylyş dabarasy boldy. Foruma gatnaşyjylar geçirilen duşuşyklaryň jemini jemläp, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we myhmansöýerlik hem-de maslahatyň ýokary derejede guralandygy üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Bu maslahat sport ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga, Olimpiýa hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmäge saldamly goşant boldy.