Ï Ýurdumyzyň hokkeý boýunça çempionaty : birinji aýlawyň netijeleri
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň hokkeý boýunça çempionaty : birinji aýlawyň netijeleri

view-icon 987
Aşgabatda hokkeý boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ilkinji aýlawy tamamlandy. Bu ýaryşa sekiz sany hokkeý topary- «Galkan», «Şirр», «Oguzhan», «Nesil», «Merdana», «Watançy», «Alp Arslan» we «Bürgüt» gatnaşdylar. Ýaryş paýtagtymyzdaky Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirildi.


“Galkan” topary ýurdumyzyň şu wagtky hokkeý boýunça çempiony bolup, şu wagt 21 utuk gazanyp öňe saýlanýar. Ikinji ýer üçin çekeleşikli geçen ýaryşa 15 utukdan alan “Şir” we “Oguzhan” topary hem-de 12 utuk gazanan “Nesil” topary gatnaşdylar.

Üçünji ornuň ykbaly jemleýji tapgyryň birinji aýlawynda çözüldi. Bu ýaryşda “Şir” bilen “Nesil” topary gatnaşyp “Şir ” topary 5:2 hasap bilen ýeňiş gazandy.

Çempionatyň ikinji aýlawy «Galkan» we «Nesil» toparlaryň arasynda 14-nji fewralda badalga alar.