Ï Welosiped sürmek boýunça ýaryşda aşgabatlylar öňde barýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Welosiped sürmek boýunça ýaryşda aşgabatlylar öňde barýarlar

view-icon 909
Paýtagtyň tizlikli ýollarynda ýaşlaryň arasynda şosse welosiped ýaryşy boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirilýär. Bu köp günlük bäsleşiklerde dürli aralyklara şahsy we toparlaýyn ýaryşlaryň eýýäm 4 tapgyry geçirildi.

Ýaryşa ýurduň Ahal, Lebap we Daşoguz welaýatlaryndan gelen türgenleriň 40-dan gowragy gatnaşýar.

Birinjiligi 95 kilometr aralyga toparlaýyn badalga berlen halkalaýyn ýaryş açdy. Bu ýerde aşgabatlylar ähli baýrakly orunlary eýelediler. Birinji pellehana bu aralygy 2 sagat 30 minut 48 sekuntda geçen Kakabaý Atýew geldi. Wýaçeslaw Kutuzow bolsa ondan bar-ýogy 3 sekunt yz gelip, 2-nji orny eýeledi. Üçünji bolup pellehana Yhlas Öwezmyradow geldi (2:30,52).

Bäsleşige gatnaşyjylar soňra 38 kilometr aralyga halkalaýyn görnüşde bäsleşdiler. Bu ýerde W.Kutuzow ynamly ýeňşi gazanmagy başardy. Netijede bolsa ol birinji orny wagtyndan öň almagy başardy. Ol ýakyn bäsdeşi Daşoguzly Faruh Abdyllaýewden 14 bal köp toplap, bu bäsleşigi 31 utuk bilen jemledi. Aşgabatly Wepa Akmyradow 12 bal toplap, üçünji orny eýeledi.

28 kilometr aralyga guralan aýratyn badalgaly şahsy ýaryşda ýeňşi ýene-de Wýaçeslaw Kutuzow gazandy. Ol bu aralygy 42 minut 22 sekunda geçmegi başardy. Ikinji orny aşgabatly Yhlas Öwezmyradow (42,40), üçünji bolup pellehanadan paýtagtyň toparynyň ýene-de bir agzasy Döwran Meňliýew (42,55) geçmegi başardy.

Bäsleşigiň dördünji tapgyrynda 80 kilometr aralyga guralan toparlaýyn ýaryşyň ýeňijileri we baýrakçylary kesgitlendi. Bu ýerde Y.Öwezmyradow we D.Meňliýew öz çalasynlaryny görkezdiler. Olar degişlilikde birinji we ikinji orny eýelediler. Özi hem olaryň görkezen wagtlar meňzeş boldy – 1:40m.28s. Ýöne Y.Öwezmyradow D.Meňliýewden pellehana bary-ýogy birnäçe santimetr öň geldi.