Ï Kuraş boýunça çempionat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kuraş boýunça çempionat

view-icon 1085
Türkmenabatda aprel aýynyň “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” aýy diýlip yglan edilmegi mynasybetli, kuraş boýunça zenanlaryň arasynda Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Bu milli göreş biziň ýakalaşma göreşimize meňzeş bolup, onuň olimpiýa dzýudosy bilen örän köp umumylygy bar. Ol ýokary depginliligi we tomaşaçylygy bilen tapawutlanýar. Şonuň üçin hem sportuň bu görnüşi dünýä ýüzünde uly meşhurlyga eýe bolmagyny dowam etdirýär.

Ýurduň birinjiligi 4-nji ýöriteleşdirilen häzirki zaman göreş mekdebinde birbada üç düşekçede geçirildi. 48 kilogram agram derejede Zebo Ýagşyýewa ýeňiş gazanmagy başardy. Ikinji ýeri şeýle hem gündogar sebiniň türgeni – 18 ýaşly, şeýle ýokary derejedäki göreşde özüni görkezmegi başaran Aýşirin Haýdarowa eýeledi. Eger-de bu öňki ýeňil atletikaçy gyzyň göreş bilen bary-ýogy bir ýyl bäri meşgullanýandygyny hem-de özünden tejribeli we ýaşy boýunça uly türgen bilen kümüş medaly almak ugrunda bolan göreşde ýeňiş gazanmagy has hem haýran galdyrýar.


52 kilogram agram derejede meşhur türgenler – Stambulda geçirilen 2013-nji ýylyň dünýä çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi Aýna Zaripowa we Taşkentde geçirilen aziýanyň birinjiliginiň baýragynyň birnäçe gezek eýesi Arzuw Ýalkabowa özara bäsleşdiler. Şeýle bolsa-da, bu ýerde hem, arakesmeden soňra uly sporta gaýdyp gelen Lebaply türgen Patma Hajyýewa ýeňiş gazanmagy başardy. Geljegi uly bolan 17 ýaşly Zarina Ziýatdinowa mynasyp çykyş etmegi başardy.

57 kilogram agram derejede ýer eýeleri üstünlikli çykyş etmeklerini dowam etdirdiler. Bu ýerde guşakly göreş we alyş göreşi boýunça dünýä we kontinental çempionatlarynyň baýragynyň eýesi Zarina Abdurahmanowa öz başarnygyny görkezmegi başardy. Jemleýji duşuşykda ol - Aziada-2017-niň Türkmenistanyň ýygyndysyna geljekki esasy dalaşgäri Zarina Marydan gelen Hurma Abdyýewany ýeňip, wagtyndan öň ýeňiş gazanmagy başardy. Üçünji orny eýelän 17 ýaşly türkmenabatdan gelen türgen Mähriban Gurbanowa hem bu ýere gelen tomaşaçylaryň köpüsiniň ünsüni çekmegi başardy.

63 kilogramm agram derejede Marydan gelen türgen Göwher Atdaýew birinji orny eýeledi. Jemleýji duşuşykda ol Şahnoz Şamyradowany ýeňdi. Şu ýerde guşakly göreş boýunça Nižnekamskide 2013-nji ýylda ýaşlaryň arasynda geçirilen ýaryşyň çempiony, häzirki wagtda daşary ýurtlarda geçirilýän bäsleşiklere gatnaşýan Dinara Hallyýewanyň sportuň bu görnüşi boýunça çempiondygyny ýatlap geçeliň.

Soňraky baş tutluşyklarda Lebaply we Maryly türgenleriň arasynda bäsleşikler dowam etdi. Ýöne, myhmanlar 70 we 78 kilogramm agram derejelerde ýer eýelerinden utuldylar. Oguljan Egemberdiýewa we Orazgül Seýidowa degşlilikde Läle Nuryýewadan we Ogulbagt Şalyýewadan üstün çykyp, iň gowy netijäni görkezmegi başardylar. 78 kilogramm agram derejede jemleýji tutluşykda Hasiýat Urunowa (Lebap) we Ogulşat Nurmedowa (Daşoguz) duşuşdylar. Döwletli etrabyndan gelen türgen ynandyryjy ýeňşi gazanmagy başardy. Bäsleşigiň baýrakly orunlaryny alan türgenleriň ählisine dabaraly ýagdaýda medallar, diplomlar we gymmat bahaly baýraklar gowşuryldy.

Kuraş boýunça tamamlanan ýurduň çempionaty Aşgabatda geçiriljek Aziada-2017-dä görülýän taýýarlygyň nobatdaky tapgyry we garaşsyz baky bitarap döwletimiziň milli ýygyndysynyň ýakyn rezerwleriniň gözden geçirilişi boldy.