Mary şäherinde bäş günüň dowamynda häzirki zaman sport mekdebiniň binasynda woleýbol boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Ýaryşa ýurduň ähli sebitlerinden toparlar gatnaşdylar.
Bäsleşigiň birinji gününde “Mary” - “Ahal” we “Daşoguz” - “Lebap” gyzlar toparlarynyň, şeýle hem “Mary” - “Aşgabat”, “Ahal” - “Daşoguz” we “Balkan” - “Lebap” toparlarynyň ýaşlary duşuşdylar. Ýaryşyň soňky günlerinde hem her günde bäş sany duşuşyk geçirildi.
Mary welaýatynyň Ýöriteleşdirilen woleýbol mekdebiniň türgenleşdirijisi Gözel Seýtiýewanyň belleýşi ýaly, bu bäsleşik ähli toparlaryň türgenleriniň barha kämilleşýän ussatlyklaryny görkezdi. Meselem, 2-nji aprelde marynyň iki topary hem – ýaşlar we gyzlar toparlary- balkanly bäsdeşlerini 3:0 hasap bilen ynamly ýeňmegi başardy. Edil şeýle hasap bilen Ahal welaýatynyň wekillerini ýeňip, öz üstünliklerini berkitmegi başardylar.
Ýeňijiler öz ýeňişlerini bäsleşigiň ahyryna çenli saklamagy başardylar. Mary welaýatynyň gyzlar topary birinji ýeri eýeledi. Ikinji ýeri Lebap, üçünji ýeri Daşoguz welaýatynyň topary eýeledi. Şol wagtyň şzünde Mary welaýatynda “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” bir aýlygynyň çäklerinde köp sanly çäreler we ýaryşlar geçirilýär. Şäherleriň we etraplaryň stadionlarynda, sport meýdançalarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň buýsançly sesleri yzygiderli ýaňlanýar. Welaýatyň sport komitetiniň wekilleri, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary sport çärelerini guraýjylar bolup çykyş edýärler.