Ï Täze kort täze ýaryşlary kabul edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze kort täze ýaryşlary kabul edýär

view-icon 1008
Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlygyň çäklerinde Bütindünýä Saglyk güni mynasybetli açylyp ulanylmaga berlen täze tennis kortda ýetginjekleriň arasynda paýtagtymyzyň Kubogy ugrundaky oýun geçirildi. Bu ýaryşda milli ýygyndy toparynyň esasyny düzýän iň ussat tennisçiler Jahan Baýramowa, Georgiý Poçaý, Altymyrat Gurbanow dagylar gatnaşdylar.


Gyzlaryň we oglanlaryň arasynda hem iki-ikiden ýaryş geçirildi. Netijede şäheriň Kubogyna Jahan Baýramowa we Altymyrat Gurbanow mynasyp boldular. Iki bolup ýaryşmakda Altymyrat Gurbanow we Gurbangeldi Gurbangeldiýew ökdeleriň haratyny eýelediler.

Ýaryşlaryň jemini jemläp, Türkmenistanyň tennis boýunça Milli merkeziniň ýolbaşçysy Serdar Bäşimow täze tennis kortunda tennisçileri ýokary derejeli halkara ýaryşlara taýýarlamak üçin ähli mümkinçilikler döredilen diýip belledi.

Aşgabadyň kubogy ugryndaky ýaryş 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň ýene bir tapgyry boldy.