Ï Akrobatikanyň ussatlary bäsleşýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Akrobatikanyň ussatlary bäsleşýärler

view-icon 804
Şu ýylyň 9-njy aprelinde paýtagtyň “Galkynyş” sport toplumynda sport akrobatikasy boýunça Türkmenistanyň çempionaty badalga aldy. Birinji gün sport düşekçesinde geçirilýän bäsleşigiň ýeňijileri we baýrakçylary kesgitlendi. Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti, Milli gimnastika federasiýasy we Aşgabat şäheriniň sport komiteti tarapyndan guralan bu bäsleşigiň netijesinde öňünde halkara derejesindäki iri ýaryşlara taýýarlyk görmek wezipesi durýan milli ýygyndy dörediler.


Bäsleşikler jübüt we toparlaýyn ugurlar boýunça geçirildi. Jübütleýin erkekleriň arasynda geçirilen III derejeli ýokary razrýadly bäsleşikde jübütler M.Nurmyradow-D.Goşjanow ýeňiş gazandy. Toparlaýyn bäsleşiklerde G.Hojakow, A.Arutunýan. K.Grigorýan we P.Merdanow hormat pýedestalynyň ýokary basgançagyna çykdylar. Akrobatikanyň bu ussatlarynyň ählisi Aşgabat şäheriniň sport mekdebinde N.Rejebowanyň we I.Kruglikowanyň ýolbaşçylygynda türgenleşýän türgenleridir.

Zenanlaryň arasynda geçirilen III uly razrýadly toparlaýyn bäsleşiklerde hem paýtagtyň sport mekdebinde türgenleşýän okuwçylary ýeňiş gazanmagy başardylar. Jübütleriň arasynda Z.Hamrakulyýewa we M.Nyýazwa ýeňiji boldular. M.Nyýazowa toprlaýyn görnüşde hem birinji omy eýeledi. I.Kiçikakaýewa we S.Grigoryan hem onuň dilen bilelikde çykyş etdiler.


Sport ussatlarynyň arasynda hem medallar ugunda bäsleşildi. Bu ýerde hem N.Rejebowanyň we I.Kruglikowanyň elinde tälim alýanlar tapawutlanmagy başardylar. Erkek jübütleriň arasynda I.Şewçukow we W.Kostýaýew birinjiligi eýelediler. Toparlaýun bäsleşiklerde bolsa, kwartetler O.Rejebow, B.Allanazarow, H.Şirgulyýew we A.Allanurow daga taý gelen tapylmady. Jübütleýin zenanlar razrýadynda G.Kakaýewa we D.Ýollyýewa altyn medaly gazanmagy başardylar.

Akrobatika boýunça Türkmenistanyň çempionaty sport ýodajyklarynda geçiriljek ýaryşlar bilen dowam etdiriler. Aşgabat şäheriniň sport komitetiniň gimnastika sport mekdebiniň bedenterbiýe- sagaldyş toplumynyň giň zaly ýaryşlaryň geçiriljek ýeri bolar.