“Aşgabat” köp ugurly stadionynyň sport toplumynda ýaşlaryň arasynda geçirilen agyr atletika boýunça paýtagtyň açyk birinjiligine toplumlaýyn sport mekdebiniň, “Olimp” sport mekdebiniň, olimpiýa rezerwleri mekdebiniň okuwçylary, şeýle hem Türkmenistanyň agyr atletika federasiýasynyň ýygyndy topary gatnaşdylar.
Bäsleşigiň jemleri boýunça Dawut Muhyýew (36 kg çenli), Toýly Bekmyradow 40 kg çenli), Reýimbergen Jumaýew (46 kg çenli), Şatlyk Şöhradow ( 50 kg çenli), Buniýat Raşidow (56 kg çenli), Parahat Annamuhammedow (62 kg çenli), Rehmetjan Sultanow (69 kg çenli), Guwanç Atabaýew (77 kg çenli), Muhammet Döwranow (85 kg çenli), Agamekan Esenow (94 kg çenli), Buniýat Artykow (105 kg çenli) we Hojamuhammet Toýçyýew (+ 105 kg) dagy Aşgabadyň çempiony boldular.
Birinji orny Agyr atletika federasiýasynyň ýygyndy topary eýeledi (Türkmenistanyň at gazanan türgenleşdirijisi Ikram Matkarimow), ikinji orny Aşgabadyň sport kmitetiniň toplumlaýyn sport mekdebiniň topary (tälimçi Batyr Ekiýew), üçünji ýeri ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň topary (tälimçi Meretguly Sähetmyradow) eýelediler.
Agyr atletika – sportuň iň gadymy olimpiýa görnüşleriniň biridir. Ol 1896-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda görkezildi. Sportuň bu görnüşinde ýeňiji iki maşk boýunça: birden götermekde we itekläp götermekde kesgitlenýär. Agyr atletikaçylaryň bäsleşigi, bu ilkinji nobatda, türgeniň ştangany özüne erk etdirmek meýlidir.