Türkmenabatda kuraş boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçirildi. Sportuň bu görnüşi ýurduň gündogar sebitinde, aýratyn hem günorta etraplarynda, aýratyn ösen ýakalaşma göreşimize meňzeşdir. Şonuň üçin hem, jemleýji tapgyrda jübütleriň duşuşyklarynda lebabyň meşhur göreş mekdebiniň okuwçylarynyň artykmaçlyk gazanmaklary ýöne ýere daldir. Ýaryşlar 4-nji ýöriteleşdirilen sport mekdebinde birbada üç düşekçede ýedi agram boýunça geçirildi.
81 kilogram agram derejede geçirilen bäsleşik hünärmenlerde we tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu bäsleşikde 2013-nji ýylda Koreýanyň Inçhon şäherinde ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen Aziýa çempionatynyň kümüş baýragynyň eýesi Mahammet Temirow ýeňiş gazandy.
90 kilogram agram derejede geçirilen bäsleşikde Halaç etrabyndan gelen pälwan Ýalkap Myradow Türkmenabatly Nabi Alyýewden üstün çykmagy başardy. 100 kilogram agram derejede geçirilen bäsleşikde Inçhondaky 2013-ň çempiony we paýtagtyň esgerler toparynyň ýolbaşçysy Nuraly Ýalkabow wagtyndan öň ýeňişleri gazanyp, finala ynamly bardy. Baş duşuşykda ol Beýik Türkmenbaşy adyndaky etrapdan gelen Döwlet Utenowy ýeňmegi başardy.
Türkmen pälwanlary aprel aýynyň ahyrynda Liwanyň paýtagty Beýrutda kuraş boýunça kontinental birinjiligi almak ugrunda geçiriljek ýaryşa gatnaşarlar.