Türkmenistanyň Zenanlar guramasy iri watansöýüjilik çäräniň nobatdaky tapgyryny gurady. Halkyň taryhy-medeni mirasynyň dowamlylygyna düşünmek arkaly raýat işjeňligini terbiýelemäge gönükdirilen bu durmuş taslamasynyň çäreleri Ahal welaýatyndan başlanypdy. Bu sapar Zenanlar klubynyň agzalary – kärdeşler arkalaşygynyň agzalary, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri Balkan welaýatynda boldular.
Çärä gatnaşyjylar meşhur Misriýan düzlügi ýaly Hazar deňziniň Günorta-Gündogarynyň gadymy medeniýetiniň ajaýyp arheologiki ýadygärlikleri barada alymlaryň çykyşlaryny uly üns bilen diňlediler. Orta asyr iri ýadygärligi bolan Dehistanyň – Maşady-Misriýanyň baý geçmişi hem muňa şaýatlyk edýär. Arheologiýa we etnografiýa, taryň institutlarynyň ylmy işgärleri şäher medeniýetiniň ösüşiniň ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýän Dehistanyň arheologiki tapyndylarynyň tapawutly aýratynlyklary barada gürrüň berdiler. Balkan welaýaty özüniň ajaýyp tebigaty bilen hem uly şöhrata eýedir. Duşuşyga gatnaşyjylar Boýadag gadymy palçyk wulkanynyň döreýşi, meşhur aý daglary, Mollagara kölüniň we Garaçagyl çeşmesiniň suwunyň bejeriş aýratynlyklary, Garagez dag gerşiniň golaýynda Gäwürliniň sebitinde iki ýarym million ýyl bäri saklanyp galan düýe yzlary, Magtymguly etrabynda ýerleşýän subtropiki jülgesiniň baý ösümlik dünýäsiniň owadanlygy barada hünärmenleriniň çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňlediler. Elbetde, türkmen edebiaýatynyň klassigi Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi alymlaryň çykyşlarynyň özbaşdak temasy boldy.
Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen bu sebit bu günki gün hem üstünden Demirgazyk-Günorta polat ýolunyň geçmegi bilen, halkara üstaşyr-ulag geçelgeleriniň üns merkezinde. Şeýle hem Balkan welaýaty Prezident Maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň beýany bolup durýar. Bu ilkinji nobatda, milletiň baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilýän “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagydyr hem-de Türkmenbaşy şäheriniň halkara üstaşyr-ulag geçelgesine we logistika merkezine öwrülmegidir.
Balkan welaýatynyň häzirki zaman ýagdaýy we geljekki ösüşi welaýat boýunça guralan saparyň çäklerinde geçirilen çäreleriň her birinde ýaňlandy. Zenanlar klubynyň agzalarynyň ilkinji duralgasyny S.Türkmenbaşy adyndaky etrabynyň Belek geňeşliginde etmekleri bellenmeli ýagdaýdyr. Bu sebitiň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça Milli maksatnamanyň amala aşyrylmagynyň çäklerinde gurulan XXI asyryň şäherçesiniň nusgasydyr. Belek şäherçesinde gysga wagtyň içinde mekdep, çagalar bagy, Medeniýet öýi we saglyk öýi, söwda merkezi, telefon bekedi, ýangyç guýujy beket, demir ýol bekedi guruldy.
– Taryhy maglumatlary ulanmak bilen, şu günki günlerden mysallary getirmek bilen, biz ýaşlarda Watanyň gelejekki ykbaly üçin watansöýüjilik jogapkärçiligini duýmak, öz ülkäňe bolan, onuň tebigatyna we däp-dessuryna bolan höwesiňi artdyrmak ýaly duýgulary döretmäge çalyşýarys. Öz topragynyň taryhyny has gowy bilmek bilen, onuň medeni özboluşlylygyna aralaşmak bilen, durmuşyň ähli ugurlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň barşynda açylýan uly gelejege düşünmek bilen, adamlar onuň mundan beýläk hem ösüşine we gülläp ösmegine öz mynasyp goşandyny goşmaga bolan höwesini has ýiti duýýarlar. Hut şonuň üçin hem bu biziň bu günki gün ülkäni öwreniş işimiziň esasy ugurlarynyň biri boldy. Şular ýaly çäreleri guraýjylar indiki iş tapgyryny Lebap welaýatynda geçirerler.