Şekillendiriş sungaty muzeýinde “Horst Ýansseniň gudraty” ady bilen sergi açyldy. Meşhur nemes hudožniginiň döredijilik mirasy bu günki günde dünýäniň iri muzeýleriniň tomaşaçylarynda uly gyzyklanma döredýän ofortlaryň dört müňden gowragyny, köp sanly suratlary, haşamçylygy we daşbasmany öz içine alýar. Hudožnigiň elliden gowrak işlerini Aşgabatda ekspozisiýa etmek üçin onuň dosty, kolleksioner we neşirýatçy Tete Býottger getirdi.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wolfgang Brettiň çäräniň açylyş dabarasynda belleýşi ýaly, nemes we dünýä grafikasynda “asyryň uçursyz zehini” diýlip ykrar edilen Horst Ýansseniň işleri dünýäni fantastika arkaly görüp, hakykaty beýan edýär. Ynsan ruhunyň gizlin syrlaryna degip geçýän hudožnigiň sungaty gudratly güýje eýedir.
Sungaty öwrenijileriň pikirlerine görä, Ýansseniň döredijiliginiň özboluşlylygy, ilkinji nobatda, predmete ünsli we siňe seretmeginden ybaratdyr. Şonuň üçin hem onuň işleri özüniň täsir galdyryjy manylygy bilen tapawutlanýar. Meselem, “Zenan aýakgaby”, “Elbanyň jülgesi”, “Çapyksuwar zenan sähralykda” atly ofset daşbasmalary şunuň ýalydyr. Olarda fona gaty az üns berlip, esasy üns esasy desgada jemlenendir. Hudožnigiň “Fantaziýaly landşafta çalymdaş tekeriň hemrasy”, “Awtoportretli gaýalardaky şekiller”, “Ýelkenli gämi” ýaly ofortlarynda, “Kiçijik adam” daşbasmasynda we beýlekilerde fantastiki keşpleriň täsin dünýäsi açylyp görkezilýär.
Portret grafikasy – diňe bir daşky keşbi bermän, eýsem adamynyň içki duýgularyny berýär, onuň häsiýetlerini aýdyňlyk bilen açyp görkezýän işler Horst Ýansseniň döredijiliginde uly orny eýeleýär. Nemes hudožniginiň portretler galereýasyny – Genrih Geýne we Wolfgang Gýote, N.W.Gogol we A.S.Puşkin ýaly dünýä belli şahyrlar we ýazyjylar, meşhur dramaturglar Genrih Ibsen we Bertold Breht, belli döwlet işgärleri we şekillendiriş sungatynyň uly şöhrata eýe bolanlary düzýärler.
Bu sergi biziň ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň ýardam bermeginde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň guramagynda “Nemes bahary-2015” festiwalynyň çäklerinde geçirildi. Festiwal aşgabatlylary we onuň myhmanlaryny nemes halkynyň sungaty bilen tanyşdyrar. Festiwaly uly maksatnamasynyň çäklerinde saz we kino, žiwopis we teatr ýaly ulgamlary öz içine alýan çäreler geçirilýär.