Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymlary Moskwanyň P.I. Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasynda “Saz-Medeniýet-Filosofiýa” ady bilen geçirilen Üçünji halkara forumynyň işine gatnaşdylar. Onda sungaty öwreniş we sungatyň filosofiýasynda çeper manynyň meseleleri bilen baglanyşykly häzirki zaman saz sungatyny öwreniş ylmynyň möhüm meselelerine garaldy.
Forumyň çäklerinde Ýeňşiň 70 ýyllygyna bagyşlanyp, “Ýigriminji asyr. Urşuň we parahatçylygyň sazy” atly ylmy maslahat geçirildi.
1941-1945-nji ýyllaryň urşy hakynda saz döredijiligi taryhyň gahrymançylykly sahypalary bilen baglanyşykly. Şonuň üçin hem bu harby döwrüň synagyndan geçen halklar üçin aýratyn gymmatly. Saz sungatynyň hakyky gymmatlyklaryna öwrülen eserlere Nury Halmämmedowyň Gurbannazar Ezizowyň sözlerine döreden “Gahrymanlaryň hatyrasy” wokal-simfoniki poemasy, munuň üçin kompozitor Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi boldy, şeýle hem türkmen kompozitorlarynyň urşa bagyşlanyp döreden kinofilmlerinde ýaňlanan aýdymlary we sazlary degişlidir.
Maslahatda TMK saz teoriýasy kafedrasynyň dosenti, sungaty öwreniş ylmynyň kandidaty Ýe.P.Osipowa we teoriýa-kompozitor fakultetiniň 3-nji ýyl talyby G.Çaryýewa doklad bilen çykyş etdiler.