>“Awaza” Milli syýahatçylyk zolagynda deňziň kenarynda ýerleşýän myhmanhanalaryň toparlarynyň arasynda kiçi futbol boýunça geçirilen on bäş günlük ýaryş tamamlandy. Aýlawly usulda geçirilen bu ýaryşa toparlaryň 24-si gatnaşdy.
“Balkan” sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen ýarym final oýunlar iň köp janköýerleriň ýygnan ýeri we dartgynlysy boldy. Birinji duşuşykda “Lebap” sagaldyş merkeziniň we “Deňiz” myhmanhanasynyň futbolçylary duşuşdylar. Toparlaryň ikisi hem öz derwezelerini erjellik bilen goradylar hem-de garşydaşlarynyň derwezesine işjeň hüjüm etdiler. Ýöne oýnuň birinji ýarymynyň ahyrynda “Deňiz ” toparynyň artykmaçlyklary doly duýuldy. Olar ilkinji bolup topy garşydaşlarynyň derwezesine geçirdiler, soňra öz derwezelerine bir topy göýberip, onuň ahyryna çenli hasaby 4:1 ýetirmegi başardylar. Şeýlelik bilen “Deňiz” topary ýarym final oýnuna çykdy.
“Berkarar” myhmanhanasynyň we “Arzuw” sagaldyş merkezleriniň toparlarynyň arasynda geçirilen oýun turuwbaşdan kesgitli boldy. Bir duşuşykda hem utulman gelýän “berkararlylar” başdan oýny ele aldylar hem-de 5:0 hasaby bilen ýeňiş gazanmagy başardylar.
“Deňiz” we “Berkarar” toparlarynyň arasynda çempion diýen at ugrunda duşuşyk oýnuň ahyryna çenli ýiti pursatlara baý boldy. Oýnuň birinji ýarymy 2:0 hasaby bilen “Berkarar” myhmanhanasynyň futbolçylarynyň peýdasyna tamamlandy. Oýunuň ikinji ýarymynda olar 4:0 hasaby bilen arany açmagy başardylar. Ýöne oýunçylaryň çalyşmaklary netijesinde oýun garşydaşlaryň eline geçdi. Olaryň ynamly hüjüm etmekleri netijesinde üç top derwezä salyndy. Ýöne “Berkararyň” oýunçylary özleriniň oýnamak usullaryny üýtgedip, oýnuň galan wagtynda garşydaşlaryna hüjüm etmegi başartmadylar we oýny 4:3 hasaby bilen jemläp, ýaryşyň çempiony boldular. Ikinji orna “Deňiz” topary, üçünji orna bolsa “Lebap” sagaldyş merkeziniň futbolçylary eýelediler.
Ýeňijilere we baýrakly orunlara mynasyp bolanlara Awaza etrabynyň “Awaza” MSZ boýunça Baş müdirliginiň we Türkmenbaşy şäheriniň sport komitetini hormat hatlary hem-de ýaryşa howandarlyk eden Türkmenistanyň Döwlet deňiz we derýa ulaglary gullugynyň ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.