Türkmenabat şäherinde Lebap welaýat ýöriteleşdirilen sungat mekdebinde adaty däl wernisaž açyldy. Bu ýerde çeperçilik bölüminiň birinji we ikinji ýyl talyplarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä miras sanawyna girizilen meşhur Gadymy Merw ýadygärligini beýan edýän işleri görkezilýär.
Mälim bolşy ýaly, Mary şäheri TÜRKSOÝ Halkara guramasy tarapyndan 2015-nji ýylda türk dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. Ýaş hudožnikler şu ýylyň bahar paslynda öz mugallymlary bilen goňşy Mary welaýatynda boldular. Bu ýerde, Murgap derýasynyň boýunda ýerleşýän şäherde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurduň beýleki sebitleri ýaly öz ösüşinde kuwwatly itergilere eýe bolan Lebaba bagyşlanan sergi guraldy.
Elbetde, myhmanlar Mary welaýatynyň çäklerinde ýerleşýän ajaýyp we döwlet tarapyndan goralyp saklanýan taryhy ýadygärliklere aýratyn üns berdiler. Ýaş hudožnikler Gäwürgalanyň, Hoja Ýusup Hemedanyň metjidiniň, Ashablaryň mazarynyň we Gadymy Merwiň beýleki gözel ýerleriniň suratlaryny çekdiler.
Okuwçylarda özüniň gurluşy, kerpiçleriniň örülişi, bezegi bilen haýran galdyrýan, “gündogar gurluşygynyň göwher gaşy” diýlip hasaplanýan, ХII asyrda hökümdarlyk eden Soltan Sanjaryň kümmeti uly gyzyklanma döretdi. Meşhur alym Galina Pugaçenkowa gadymy arhitektoryň zehinine uly hormat goýmak bilen şeýle diýýär:
“Ol göwrümi boýunça örän uly bolup, kompozisiýasynyň oňat hilli gutarnyklylygy, görnüşiniň örän ýönekeýligi we detallarynyň kämilligi bilen haýran galdyrýar... Onuň gümmezi iki gat bolup, gümmezasty gurluşlarynyň örän paýhasly we netijeli ýerine ýetirilendigine daýanýar... Ýewropa athitekturasynda şunuň ýaly iki gatly gapyrga görnüşindäki desga diňe ХV asyrda flýurent ybadathanasynda peýda bolýar. Şeýlelik bilen, ajaýyp sarahs ussasy Muhammet bin-Atsyz Galkynyşyň ajaýyp gurluşykçysy – Filippo Brunelleskodon üç ýüz ýyl öňürtmegi başarypdyr”.
Okuwçylaryň Murgap sebitiniň arhitektura ýadygärlikleri boýunça çeken suratlary soňra serginiň esasyny düzýän çeper suratlary boldy. Mugallymlaryň pikirine görä, esasan hem Gyzylgül Atamyradowanyň, Gözel Haýdarowanyň, Döwlet Kulyýewiň, Myrat Jumaýewiň, Baýramgeldi Baýramowyň işleri aýratyn şowly boldy. Gadymy Merw barada olaryň döreden suratlary baý tebigaty we türkmen halkynyň özboluşly medeniýetini beýan edýärler.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň iýun aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenabatda dünýäniň köp döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Medeniýet hepdeligi geçiriler diýip, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” bäsleşiginiň ýeňijisi, mekdebiň çeperçilik bölüminiň mugallymy Alym Işangulyýew gürrüň berýär. – Bu iri göwrümli çärä biz öz okuwçylarymyz bilen bilelikde “Halypalar we şägirtler” ady bilen uly sergini taýýarlaýarys. Onda biziň ýurdumyzyň ajaýyp taryhy ýadygärliklerine bagyşlanan 70 töweregi žiwopis we grafika işleri görkeziler.