Türkmenabatda welaýatyň ýöriteleşdirilen sungat mekdebiniň uly zalynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, kompozitor, Lebabyň belli okuw mekdepleriniň biri bolan bu okuw mekdebiniň mugallymy Batyr Soltanowyň awtorlyk konserti geçirildi. Kalby uly hyjuwdan doly bu adamyň ady ýurduň gündogar sebitiniň daşarlarda hem meşhurdyr. Bu geçirilen awtorlyk konserti kompozitoryň soňky ýyllarda döreden eserleriniň jemini jemledi.
Konsert programmasyny kompozitoryň sýuitasyndan üç bölegi ýerine ýetiren mekdebiň halk saz gurallary orkestri (dirižýor Mahadur Haýdarow) açdy. Bu okuw mekdebiniň belli mugallymlary Elmira Jumakulyýewanyň, Larisa Koşleýewanyň, Mamagül Hutdyýewanyň we Azat Arbapowyň ýerine ýetirmeklerinde fortepýano we fleýta üçin ýazylan wariasiýalar, etýudlar we beýleki eserler ýaňlandy.
Mekdebiň akapella horunyň ýerine ýetirmeginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp sözlerine döredilen “Näzli ýar” aýdymy tomaşaçylar tarapyndan güýçli el çarpyşmalary bilen garşy alyndy. Konsertiň programmasyna beýik akyldar şahyryň sözlerine döredilen “Gara gözleriň” atly aýdym hem goşuldy. Bu aýdym wokal bölüminiň aýdymçysy Bahram Huseýinow tarapyndan ýerine ýetirildi hem-de tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Iýun aýynyň ikinji ýarymynda Türkmenabatda medeniýet hepdeligi geçiriler. Adata öwrülen bu döredijilik forumynda dürli ýurtlardan gelen myhmanlaryň we ildeşlerimiziň öňünde repertuarynda Batyr Soltanowyň hem eserleri bolan Lebabyň iň gowy aýdymçylary we döredijilik toparlary çykyş ederler.