Şu gün Gyrgyzystanyň A.Maldybaýew adyndaky Akademiki opera we balet teatrynyň uly zalynda Türkmenstanyň Gyrgyz Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda iki dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti guraldy.
Üç günüň dowamynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary gyrgyzystanlylary özboluşly türkmen saz sungaty, häzirkizaman aýdymlary, amaly-haşam sungatynyň nusgalary, milli şaý-sepler, haly önümleri, ussat we ýaş suratkeşleriň ajaýyp eserleri bilen tanyşdyrdylar.
Medeniýet günleriniň çäklerinde Gyrgyzystanyň Medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministrliginde türkmen wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi, onda gyrgyz we türkmen medeniýet hem-de sungat işgärleri ynsanperwerlik ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri bilen baglanyşykly wezipeleri ara alyp maslahatlaşdylar, özara medeniýet günleri ýaly çäreleriň geçirilmegi hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine oňyn ýardam edýär.
Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki uly konserti şu gezekki iri möçberli çäräniň özboluşly ajaýyp jemlemesi boldy. Resmi adamlar we hormatly myhlmanlar konserte tomaşa etdiler.
Ýygnananlara medeniýet, maglumatlar we syýahatçylyk ministriniň orunbasary B.Sekimow gutlag sözi bilen ýüzlendi. Ol şu döredijilik forumyny jemläp, türkmen artistleriniň ýokary ussatlygyny belledi, üstünliklere beslenen bu ynsanperwerlik baýramynyň Türkmensitanyň we Gyrgyz Respublikasynyň halklarynyň arasynda dostluk gatnaşyklaryny we oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly goşant boljakdygyny nygtady.
Jemleýji konsertiň maksatnamasyna türkmen artistleriniň çykyşlary girizildi, olaryň her biri ýokary ussatlygyny görkezdi. Gyrgyzystanyň sungat ussatlarynyň çykyşlary hem dostluk konsertine aýratyn öwüşgin çaýdy. “Ak Maral” Döwlet tans toparynyň tansçy gyzlary öz çykyşlarynda zenanlaryň, mähriban tebigatyň gözelligini wasp etdiler. “Kambarkan” folklor-etnografiýa topary öz sazly hekaýatlarynda ata-babalarynyň ýaş nesliň hakydasynda öz halkynyň däp-dessurlaryny saklamagyň möhümdigi baradaky rowaýatlaryny beýan etdiler. “Näzli” tansçy gyzlar toparynyň çykyşlary köpsanly tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Olaryň tansy ýaşlygyň we durmuş gözelliginiň özboluşly alamatyna öwrüldi. “Laçyn” folklor toparynyň çykyşy konsert maksatnamasyna özboluşly many-mazmun berdi.
Bilelikdäki uly konsert däp bolan “küştdepdi” türkmen milli tany bilen tamamlandy, ol türkmen we gyrgyz artistlerini bir ýere jemledi. Magtymguly Pyragynyň we Çingiz Aýtmatowyň, meşhur “Görogly” we “Manas” gahrymançylykly dessanlaryň mirasdüşerleri bolan doganlyk halklaryň wekilleri parahatçylyk we dostluk, myhmansöýerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini wasp etdiler.
Şeýlelikde, şu gün Gyrgyz Respubilkasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri üstünlikli tamamlandy. Bu çäre iki doganlyk halkyň ruhy-medeni baýlygyny artdyrmaga gönükdirilen türkmen-gyrgyz dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.