Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde paýtagtyň gününe bagyşlanyp, arhitektorlaryň, rejeleýjileriň, taryhçylaryň ýurduň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň arhitektura fakultetiniň talyplary bilen duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň esasy temasy bolsa, elbetde, özüniň ak mermerli binalary, seýilgähleri we köp sanly suw çüwdürimleri bilen owadan keşbe eýe bolan biziň paýtagtymyz boldy. Bu günki Aşgabat özüniň owadanlygy we özboluşly arhitektura gurluşy bilen tapawutlanýar. Bu ýerde häzirki zaman gurluşyk äheňleri çuňňur milli binagärlik usullary bilen utgaşyp gidýär.
Bu barada duşuşykda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Arheologiýa we etnografiýa institutynyň we Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek boýunça mili institutynyň wekilleri gürrüň etdiler. Çykyş edenler paýtagtyň häzirki zaman keşbinde dünýä arhitektura tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň türkmen topragyndaky geçmişdäki iň irki siwilizasiýalar bilen gabat gelýän köp asyrlyk gurluşyk tejribesiniň jemlenendigini nygtadylar.
Geljekki arhitektorlar – talyplar bolsa gürrüňdeşlige işjeň goşulyşyp, hünärmenlere özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Duşuşyga gatnaşyjylar talyp taslamalarynyň maketleri we eskizleri – diplom we ýyllyk işleri bilen tanyş boldular. Onda ýaş arhitektorlar paýtagtyň gelejegine bolan garaýyşlaryny görkezdiler.
Şeýle hem Aşgabadyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň ýanynda şu ýylyň aprel aýynda açylan “Ak pamyk” gurnagynyň ýaş hudožnikleri paýtagtyň gününe bagyşlap, sergini guradylar. Sergide görkezilen suratlarda, el işlerinde, sowgatlyklarda paýtagtyň häzirki zaman arhitekturasy we milli däp-dessurlar beýan edilýär. Şu günler okuwçylar mugallymlar – muzeýiň ilmy işgärleri bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlanyp geçiriljek ekspozisiýa üçin öz işlerini taýýarlaýarlar.