Geçen ýekşenbe güni Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda ýetginjekleriň we halypa çapyksuwarlaryň çapmaklarynda At çapyşygynyň ýazky möwsüminiň iň soňky at çapyşygynyň öň ýanyndaky at çapyşygy geçirildi. Ussat çapyksuwarlaryň gatnaşmaklarynda geçirilen at çapyşyklary aýratyn gyzyklanma döretdi.
Bu ýerde biziň ýurdumyzda at seýislemekde we at çapmakda uly meşhurlyga eýe bolan Agamyradowlaryň maşgala agzalary at çapmagyň ýokary ussatlygyny görkezmegi başardylar. Şeýlelikde, ussat çapyksuwar Begençmyrat Agamyradow öz çapan bedewleri bilen iki gezek ýeňiş gazanmagy başardy. At çapyşygynyň 2400 metr aralyga geçirilen 10-njy tapgyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Kemere atly bedew 2 minut 52,3 sekunt wagt görkezip, birinji bolup geldi.
Begençmyrat 1400 metr aralyga geçirilen üçünji at çapyşygynda hem öz bedewi bilen gowy netije görkezmegi başardy. Ol bu ýerde Maksat atly bedewi bilen pellehanadan ikinji bolup geçdi. Bu ýerde ol bu aralygy 1 minut 35,5 sekunda pellehanadan birinji bolup geçen Parasatly (ussat çapyksuwar M.Seýidow) bedewden azajyk giç geçdi.
Begençmyradyň dogany – ussat çapyksuwar Guwanç Agamyradow hem 1400 metr aralyga geçirilen dördünji at çapyşygynda öz bedewi bilen ýeňiş gazanmagy başardy. Bu at çapyşygynda ol öz Körpäm atly bedewi bilen bu aralygy 1 minut 36,6 sekuntda geçip, pellehanadan birinji bolup geçdi. Çapyksuwar G. Kiçigulowyň çapan Köpetdag atly mor reňkli bedewi bary-ýogy 0,1 sekunt bilen pellehanadan Körpämden geç geçip, ikinji bolup geçdi.
Bu çapyksuwarlar we seýisler Babaýewler maşgalasynyň ýene-de bir wekili gowy netije görkezdi. Has takygy, ussat çapyksuwar Toýlymyrat Babaýew 1200 metr aralyga geçirilen birinji at çapyşygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Arassa atly dor bedewi bilen pellehanadan birinji bolup geçdi. Onuň görkezen wagty 1 minut 3,6 sekunt boldy.
T. Babaýew 2400 metr aralyga geçirilen dokuzynjy at çapyşygynda hem ýeňşe ýakyn boldy. B.Berdimuhamedowyň çapan Tamaly diýen bedewi ýaryşa gatnaşan bedewlerden ep-esli arany aýyp, tomaşaçylaryň güýçli el çarpyşmalaryna mynasyp bolup, pellehanadan birinji bolup geçdi. Ol bu aralygy 2 minut 53,8 sekuntda geçmegi başardy. T.Babaýew öz Meledepeli bilen pellehanadan ikinji bolup geçdi.
Dürli aralyklara geçirilen beýleki at çapyşyklarynda gara-mele Nurasman (çapyksuwary Ş.Kerimow), mor reňkli Näzli (Ýe.Kiçigulow), gyzylymtyl çal reňkli Toýçy (B.Babalyýew), dor bedew Awaza (B.Berkeliýew) we dor at Gündogar (ussat çapyksuwar B.Begliýew) ýeňiş gazanmagy başardylar.
Ýetginjekleriň arasynda geçirilen bäsleşikler (16 ýaşa çenli çapyksuwarlar we iki hem-de üç ýaşar bedewler) hem 1000 we 1200 metr aralyklara 10 at çapyşygy geçirildi. Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna degişle bolan bedewler bäş ýeňiş gazanmagy başardylar. Olar Sumrug, Gülruh, Şahymerdan, Asman we Perman atly bedewlerdir.
Beýleki at çapyşyklarynda dor at Altynaý, çal bedew Aýdere, garamtyl dor bedew Selbi we dor bedewler Kepderi hem-de Gerçek atly bedewler pellehanadan birinji bolup geçdiler.