Ï Muzeýlerde mekdep okuwçylarynyň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça gurnaklar döredilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Muzeýlerde mekdep okuwçylarynyň gyzyklanma bildirýän ugurlary boýunça gurnaklar döredilýär

view-icon 957
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, ilkinji nobatda, mekdep okuwçylary bilen işleşmäge gönükdirilen gyzyklanma boýunça gurnaklar işläp başlady. Şeýle gurnaklary guramak muzeýiň we Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bilelikdäki başlangyjy bolup durýar.


Muzeýiň hünärmeni Enejan Altyýewanyň belleýşi ýaly, gurnaklaryň işleri ýörite işlenilip taýýarlanan çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda guralar. Onuň esasy wezipesi – mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly we gyzykly işler bilen meşgullanmaklary bolup durýar.

Häzirki wagtda gurnaklaryň ikisi – iňlis dilini öwrenmek we “ýaş naturalist” gurnaklary tölegsiz esasda işleýär. Sapaklar hepdäniň çarşenbe we anna günleri geçirilýär, teoretiki kurs tematiki gezelençleriň üstüni ýetirýär.


Baş muzeýiň düzüminde Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýi, taryhy, şeýle hem etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýleri işleýär. Olarda muzeýiň işgärleri sapaklaryň temalaryna baglylykda “praktiki sapaklaryny” geçýärler.

Edil häzirki wagtda, döreýiş we synagdan geçiş döwründe, gurnaklara esasan hem muzeýiň işgärleriniň çagalary gatnaýarlar. Olara boş wagtlaryny gyzykly geçirmäge resmi däl çemeleşmeleriň guralmagy bilen gyzyklanan beýleki çagalar hem goşulyşýarlar. Meselem, gurnakçylar dil sapaklary geçenlerinde tagta çagyrylmaýar, öýe berilen ýumuşlar soralmaýar. Bu ýerde hemme zat ýönekeý – şagalaňlyk, köpçülik bolup goşgy, aýdym öwrenýärler, şeýle hem diňe iňlis dilinde sahna oýunlaryny taýýarlaýarlar!


Bu günki gün gurnaga gatnaýanlar öz halypalary bilen öňde duran tomus baýramçylygyna- Çagalary goramagyň halkara gününe taýýarlyk görýärler. Bu şanly waka mynasybetli muzeýde çagalaryň çeken suratlarynyň we gury ösümliklerden ýörite ýygnalyp taýýarlanan kompozisiýalaryň sergisi geçiriler. Bu ekspozisiýa taýýarlyk işleri iýun aýynda açylmagy göz öňünde tutulýan “ýaş hudožnik” gurnagynyň agzalary üçin gowy başlangyç bolar.

Şeýle hem muzeýde golaý geljekde gyzyklanma boýunça beýleki bölümler hem, şol sanda “rus dili kluby” we el işleri gurnagy işläp başlar. Olaryň işleri Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň esasy işleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlykda bolan aň-bilim, türkmen halkynyň taryhy-medeni gymmatlyklary wagyz etmek we ösüp gelýän ýaş nesli watany söýmek ruhunda terbiýelemek bilen bagly bolar.