Ï At çapyşygynyň ýazky möwsümi tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

At çapyşygynyň ýazky möwsümi tamamlandy

view-icon 887
Aşgabadyň atçylyk sport toplumynda at çapyşygynyň ýazky möwsümi tamamlandy. Şenbe güni ýetginjek çapyksuwarlar öz bedewleri bilen bäsleşen bolsalar, ýekşenbe güni meşhur çapyksuwarlaryň çapmagynda at çapyşyklary geçirildi

At çapyşygynyň öň ýanynda atçylyk sport toplumynyň öňündäki giň meýdançada meşhur türkmen aýdymçylarynyň we tans toparlarynyň gatnaşmaklarynda konsert guraldy. Köp sanly janköýerleriň arasynda germaniýadan, Russiýadan, fransiýadan, ABŞ-dan we beýleki ýurtlardan gelen myhmanlar hem bar. Bu gezekki at çapyşygy onlarça daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramçylygy bilen gabat geldi.


Ýetginjek çapyksuwarlar 1000 we 1200 metr aralyga bäsleşdiler. Bir müň metr aralyga geçirilen birinji at çapyşygynda Ahalteke atçylyk toplumynyň Garahan atly bedewi 1 minut10,8 sekunt wagt görkezip, birinji bolmagy başardy. Bu gara bedewi çapyksuwar B.Babaýew çapdy.

Ikinji at çapyşygynda 1000 metr aralyga geçirilen at çapyşyklarynyň iň gowy netijesi görkezildi. Bu ýerde Ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Diýar atly mele at tapawutlanmagy başardy (çapyksuwary Y.Seýidow). Ol bu aralygy 1 minut 08,5 sekuntda geçdi. Şeýle hem bir müň metr aralyga geçirilen alty at çapyşygynda gara bedew Aýym (çapyksuwary Y.Ataýew)- 1minut 10,01 sekunt; gara dor Garaçaý (Ş.Baýjaýew) – 1 minut 09 sekunt; mele Aýnesip (G.Geleňow) – 1 minut 08,6 sekunt; mele Meleguş (S.Çaryýew) – 1 minut 09,7 sekunt; mor at Algunan (D.Agamyradow) – 1 minut 09,1 sekunt we dor at Gülbedew (D.Allanazarow) – 1minut 10,4 sekunt wagt görkezip, pellehanadan birinji bolup geçdiler.


Dokuzynjy we onunjy at çapyşyklary 1200 metr aralyga geçirildi. Bu ýerde bu aralygy 1 minut 25, 3 sekuntda geçen dor bedew Güneşli (çapyksuwary D.Babajanow) we aralygy 1 minut 24,3 sekuntda geçen mor Täze zaman atly bedew ýyndamlygyny görkezdi (I.Durdyýew).


Halypalaryň çapmagynda geçirilen at çapyşygynda ussat çapyksuwar B.Agamyradowyň çykyşy aýratyn ýatda galyjy boldy. Ol iki sapar altynjy at çapyşygynda (2000 metr) we dokuzynjyda (2400 metr) ýeňiş gazanmagy başardy. Ol degişlilikde gara bedew Gürgeni (2 minut 24,7 sekunt) we jemleýji at çapyşygynda Keýmirdon atly bedewi bilen pellehanadan birinji bolup geçdi. Bu atlaryň ikisi hem Ahalteke atçylyk toplumyna degişlidir.

Dürli aralyklara geçirilen beýleki at çapyşyklarynda Rowaç atly dor bedew (A.Mämmetnurow), dor bedew Gökdere (ussat çapyksuwar M.Kiçigulow), mor Köpetdag atly bedew (A.Kiçigulow) gara bedew Ýedigen (B.Berdimuhammedow), gara bedew Keşde (Y.Saparow), gara bedew Miras (A.Baýramgeldiýew), mor Gerçek (ussat çapyksuwar Ýe.Babalyýew) we gara bedew Akýol (D.Hydyrow) ýeňiş gazanmagy başardylar.

At çapyşygynyň ýazky möwsümi tamamlandy, ýöne tomsuň häzirki günlerinde ahalteke bedewleri we çapyksuwarlar awgust aýynyň soňky ýekşenbesinde badalga alýan güýzki at çapyşygyna güýçli depginlerde taýýarlyk görerler.