Ï Uçarlaryň radiodolandyryş görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Uçarlaryň radiodolandyryş görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi

view-icon 1179
Aşgabadyň aeroklubynyň türgenleri-awiamodelçileri elektrik hereketlendirijili uçarlaryň radiodolandyryş görnüşleri boýunça Türkmenistanyň birinjiligini geçirdiler. Bäsleşigiň bu tapgyrynda badalgada uçar 200 metr belentlige galmaly, ondan soňra bolsa ol termiki akymlarda hereketlendirijisiz uçmagyny dowam etdirmeli.


Bu maşkda uçaryň ýokarda aňrybaş dowamlylygy sekiz minut bolmaly. Şunlukda radiodolandyryjyly model 10 metr diametr bolan ýere gonmaly. Ol merkeze näçe golaý boldugyça modeli dolandyrýan türgen şonça hem köp utuk gazanýar. Ýaryşa gatnaşýan her bir türgen şeýle uçuşlaryň ýedisini geçirmeli.

Awiamodelleriň şular ýaly görnüşleriniň ýokary depginde ösdürilmegi, eýýäm meşgullanyp ýören ýa-da ýaňy başlan modelçileriň köp sanlysy ýaryşy guraýjylaryň şular ýaly ýaryşlary üç tapgyrda (gyşyna, ýazda we güýzde) guramak barada gelen kararlaryny goldadylar.