Ï Boks boýunça paýtagtyň birinjiligi geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Boks boýunça paýtagtyň birinjiligi geçirildi

view-icon 975
Köp ugurly “Aşgabat” stadionynda boks boýunça paýtagtyň birinjiligi geçirildi. Ýaryşa ýaş boksçylaryň 56-sy gatnaşdy.

Agram derejeleriniň 12-inde – 32 kg-den 63 kilograma çenli derejelerde çekeleşikli ýaryşlar geçirildi. Olaryň dokuzsynda başa-baş söweş sport mekdebiniň okuwçylary, şol sanda Hangeldi Hojaýew hem, ýeňiji bolmagy başardylar. 40-48 kilogram agram derejelerinde 2-nji toplumlaýyn sport mekdebiniň boksçylary saýlanmagy başardylar.


Ýaryş türgenleriň tehnika-taktiki taýýarlygyny, fiziki taýdan ösüşini we psihiki taýdan durnuklylygyny gowy hilli barlanmaga şert döretdi, ýokary derejeli boksçylary terbiýelemek işinde olaryň ussatlygyny yzygiderli artdyrmakda ýene-de bir ädim boldy. Sportuň bu görnüşiniň meşhurlygy barha ösýär. Türkmenistanyň Boks federasiýasy ýurt boýunça türgenleriň müňlerçesini özüne birleşdirýär.

Baýrakçylaryň ählisi ýaryşy guraýjylardan – Aşgabadyň Sport komitetiniň we paýtagtyň häkimliginiň medallary we hormat hatlary bilen sylaglandylar.