Halkara Atçylyk sport toplumynda konkur boýunça ýaryş geçirildi. Ol “Türkmenatlary” Döwlet birleşigi we Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.
Ýaryşa bedewleriň 16-sy gatnaşdy. Konkuryň düzgünlerine laýyklykda, umumy baha päsgelçiliki ýoly tizlikde geçmekden we arassa geçmekden toplanýar. Birinji orny Merdan Pirmyradow özüniň çapan Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk sport toplumyna degişli bolan Ýedigaýa dor bedewi bilen almagy başardy. Ikinji orny Resul Nurberdiýewiň münen Salgym atly aty eýeledi, üçünji orny bolsa çapyksuwar Bäşim Ballyýew Azançy atly bedewi bilen eýelemegi başardy. Olaryň ikisi hem Milli atçylyk sport toplumynyň adyndan çykyş edýärler.
Ýeňiş gazananlaryň üçüsi hem Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar: birinji orun üçin – ýeňil awtoulagy, ikinji – telewizor, üçünji orun – noutbuk bilen sylaglandylar. Şeýle hem ýeňijiler bäsleşigi guraýjylar tarapyndan kuboklar we hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Konkur Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna goşuldy. Şonuň üçin hem häzirki wagtda Aziadada çykyş etjek biziň atlylar toparymyz mynasyp çykyş etmek üçin köp ugurly taýýarlyklary görüp başladylar. Atly sportuň bu görnüşine belli ýewropa hünärmenleriniň gönüden-göni gatnaşmaklary üçin uly göwrümli işler alnyp barylýar. Şeýle ýaryşlar bolsa - onuň möhüm bäşlegi bolup, ussatlygy barlamagyň gowy hilli usuly bolup durýar.