Aşgabatda IIM “Galkan” sport merkezinde 1997-2000-nji ýyllarda dogulan ýaşlaryň arasynda sambo boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçirildi.
Uly ýaşly ýaşlaryň arasynda jemi dokuz agram derejeden sekizisi aşgabat samboçylarynyň tarapynda boldy, diňe biri bolsa Daşoguzly pälwanyň tarapynda boldy.Özi hem birinji bäş orny ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdepden tälimçiler Öwezmuhammet Atallyýewiň we Tejen Döwletowyň tälim berýän türgenleri eýelemgi başardylar. Ýaňy-ýakynda olaryň ählisi: Hurşid Şaýymow, Anna Hajyýew, Müminjan Orazkulow, Muhammet Kössekow we Parahat Bäşimow Germaniýadan – sambo boýunça Drezdeniň açyk bäsleşiginden altyn baýraklar bilen gaýdyp geldiler.
Birinjiligiň ýeňijileriniň arasyndan ikisi – “Galkan” sport mekdebinden Nurýagdy Mämmedowyň tälim berýän türgenlerdir. Olaryň biri – Ýagmyr Orazdurdyýew eýýäm ulularyň arasynda geçirilen şular ýaly basleşiklerde ýeňiji bolan türgendir. Ol şonda öz agramy boýunça birinji orny eýeledi we ol bu ýeňişini indi hem gaýtalady.
Birinjiligi almak ugrunda geçirilen ýaryşda ýeňiji bolmak – oktýabr aýynda Rigada geçiriljek Dünýäniň birinjiligine gatnaşmak üçin hakyky ýollanma boldy.