Ï Awazada sportuň suw görnüşleri üçin düzümi bolan ýene-de bir ýaht-kluby gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada sportuň suw görnüşleri üçin düzümi bolan ýene-de bir ýaht-kluby gurulýar

view-icon 945
"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň, kottej şäherjikleriniň we beýleki sagaldyş toplumlarynyň düzüminde köpsanly sport desgalary hereket edýär. Şol bir wagtda sportuň ýöriteleşdirilen merkezleri giňeldilýär. Oňa “Ýelken” ýaht-kluby esas bolup hyzmat etdi, bu ýerde mundan bir ýyl ozal wintserfing boýunça dünýä kubogy -2014 ýaryşlarynyň Awaza tapgyry üstünlikli geçirildi. Häzirki wagtda türkmen deňiz kenarynda beýleki sport desgalary bilen birlikde ýene bir suw sporty merkezi – ýaht-klubly häzirkizaman kottej toplumy gurulýar.


Täze bina Türkmenistanyň Merkezi bankynyň buýurmasy boýunça gurulýar. Gurluşyk üçin 160 müň inedördül metr meýdan bölünip berildi. Onuň çäklerinde 138 otagly 25 sany iki gatly amatly kottej jaýlary, iki gatly edara binasy ýerleşdiriler, ýüzülýän howdan, emeli derýa, köl, adajyk, şeýle hem çagalar meýdançalary, kafe we myhmanhana, tehniki hyzmatlarynyň düzümleriniň beýleki desgalary bina edilýär. Olaryň hatarynda okuw merkezi, çagalar kluby, ýelkenli elling, emeli tolkunly serfing howdany we üç sany – suw motosiklleri hem-de attraksionlar, dürli görnüşli gaýyklar hem-de dynç alýanlar üçin duralgalar bar.


Ýaht-klubyň binalar toplumynyň düzümine gyzdyrylýan ýapyk suw howdanly dynç alyş merkezi, SPA-salon, türgenleşik zaly we oýun awtomatlary, bouling, bilýard, stoluň üstünde oýnalýan tennis we beýleki oýunlar üçin meýdançalar girýär. Ýaht-klubyň ikinji gatynda açyk teläriň astynda bar ýerleşýär.

Gurluşykçylar suwa düşülýän zolagyň gurnalmagyna aýratyn üns berýärler. 2016-njy ýylda gurluşygyň möhleti tamamlanýança olar bu ýerde kenarýaka desgalaryny gurarlar. Ol desgalar ýaht-klubyň töweregindäki deňiz giňişligini ýellerden we deňiz tolkunlaryndan goragly ýapyk zolaga öwürer, bu ýerde attraksion ýüzüş serişdeleri, gezelenç katerleri, hereketlendiriji – gezelenç we ýelkenli – ýaryş ýahtalary üçin kiçi göwrümli deňiz duralgasy emele geler.