Ï Annaberdi Esenow “First Saturday” ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Annaberdi Esenow “First Saturday” ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy

view-icon 1147
FIDE-niň ussady Annaberdi Esenow Wengriýanyň paýtagty Budapeşt şäherinde geçirilen “First Saturday” ýaryşynda bürünç medala mynasyp boldy. 27 ýaşly tejenli (Ahal welaýaty) küştçi halkara derejeli ussatlardan ýokary bolmadyk küştçüleriň gatnaşmagynda geçirilen bäsleşiklerde Angliýadan, Ysraýyldan, Awstriýadan, Günorta-Afrika Respublikasyndan we beýleki ýurtlardan gelen tejribeli bäsdeşler bilen güýç synanyşdy. Aýlaw görnüşinde geçirilýän oýunlarda biziň ildeşimiz mümkin bolan 11 utukdan 7,5 utuk toplap, 7 döwde ynamly ýeňiş gazandy hem-de bir oýny deňme-deň tamamlady.

A.Esenowyň özünden has tejribeli wenger küştçüleriniň üçüsinden üstün çykmagy has-da bellemeli ýagdaýdyr. 2013-nji ýylda Türkmenistanyň çempiony bolan A.Esenow halkara derejeli ussatlar Farago Sandory, Adam Sizeberni we Emil Szalanskini ýeňmegi başardy. Bu üstünlik netijesinde Annaberdi Esenow öz halkara derejesini has ýokarlandyrdy we ol häzirki wagtda 2289 derejä deňdir.

Türkmen küştçüler toparynyň iň ýaş –16 ýaşly agzasy, FIDE-niň ussady Saparmyrat Atabaýew oňat netije görkezdi. Aşgabadyň küşt sport mekdebinde tälim alyp, halkara grossmeýsterleriniň toparlarynda güýç synanyşdy, bu toparda 13 küştçi çykyş etdi, olaryň 4-çi grossmeýster, altysy halkara ussatlarydyr. Emma bäsdeşleriniň şeýle ýokary derejeleri Saparmyradyň mynasyp netije görkezmegine päsgel bermedi: ildeşimiz 6,5 utuk toplap, 7-nji orna mynasyp boldy. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Aýdogdy Atabaýewiň tälim berýän bu küştçüsi wengriýaly grossmeýsterler Boros Denezi we Wzebe Atilany utmagy başardy.

S.Atabaýewiň eýýäm halkara ussadynyň derejesini alan iň ýaş türkmen küştçüsi bolandygyny ýatladýarys. Ol bu netijäni Budapeşt şäherinde geçirilen “First Saturday-yň” ýazky ýaryşynda gazanypdy. Şonda ol halkara ussatlygynyň toparlarynda altyn medala mynasyp bolupdy.

Indi bolsa ýaş türkmen küştçüsi iň tejribeli küştçüleriň arasynda çykyş edip, ýokary netijäni görkezdi. Indi Saparmyrat güýzde Aşgabatda geçiriljek 20 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky Türkmenistanyň çempionatyna taýýarlyk görer. Emma Saparmyrat Atabaýewiň hem, Annageldi Esenowyň hem esasy arzuwy 2017-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň medallaryna mynasyp bolmakdyr. Küşt boýunça ýaryşlaryň Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilendigini ýatladýarys. Türkmen küştçüleriniň iri halkara ýaryşlaryna ýokary netijelerini görkezýändiklerini hasaba alanyňda, olaryň Aziada-da hem mynasyp sport görkezijileri bilen begendirjekdigine ynanmak bolar.