Türkmenistanyň bouling boýunça ýygyndy topary Kaluga şäherinde (Russiýa Federasiýasy) türgenleşik tälimlerini geçdi. Sportuň bu görnüşiniň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Aziadanyň maksatnamasyna girizilendigini nazara alnyp, güýçli ýygyndy topary döretmäge we ony taýýarlamaga aýratyn üns berilýär. Bouling boýunça Türkmenistanyň federasiýasy we Sport baradaky döwlet komiteti bu türgenleşikleriň guramaçylary bolup çykyş edýärler. Işjeň türgenleşigiň bir hepdä çeken döwründe oňa gatnaşyjylar sport ussatlygyny artdyrdylar. Biziň türgenlerimiz bilen sportuň bu görnüşi boýunça belli halkara derejeli tälimçi Aleksandr Gurkow ýörite taýýarlyk geçdi.
Her günde üç gezek geçirilen türgenleşikler türgenleriň tehniki, beden we psihologiýa taýýarlygyna gönükdirilendir. Toparyň agzalary taýýarlyga jogapkärçilikli çemeleşdiler. Milli ýygyndymyzyň öňdebaryjy oýunçysy Geldi Garaýew türgenleşikleriň ahyryna çenli öz netijesini ýedi straýka (ilkinji urguda kegelleriň ählisini urup ýykmak) çenli gowulandyrdy, bu bolsa Kaluganyň bouling merkezinde biziň türgenlerimiziň türgenleşen ýodajygynda görkezilen iň gowy netijedir.
Bouling üçin enjamlary we gurallary öndürmek boýunça öňdebaryjy “Branswik” kompaniýasy bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Onuň netijesinde toparymyzyň agzalary göwnejaý zerur enjamlary we lybaslary aldylar. Ýeri gelende aýtsak bu kompaniýa paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjiginiň bouling zalyny enjamlaşdyrmak bilen meşgullanýar.
Türgenlerimiz türgenleşiklerden gaýdyp gelenlerinden soň “Aşgabat” stadionynda görkezme çykyşlaryny gurap, alyn tälimlerini aýan etdiler.
Bouling ýokary netijeler sportunyň görnüşi hökmünde biziň ýurdumyzda ýaýrap başlady. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň Bouling federasiýasy döredildi. Şu ýyl sagdynlyk we bagtyýarlyk bir aýlygyň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň çempionaty bouling milli ýygyndy toparyny döretmekde möhüm tapgyr boldy.
Ýurdumyzda boulingi ösdürmegiň geljegi barada Federasiýanyň başlygy, gylyçlaşmak boýunça halkara derejeli sport ussady Begenç Durdyýew gürrüň berýär:
- Biziň wezipämiz ýurdumyzyň ýygyndy toparyny paýtagtymyzda geçiriljek Aziada taýýarlamakdan ybaratdyr. Geçen türgenleşikler bolsa taýýarlygyň tapgyrlarynyň biridir. Netijeler onuň uly täsiriniň bolandygyny görkezdi we biz şeýle türgenleşikleri yzygiderli geçirmegi göz öňünde tutýarys. Oňde boljak halkara ýaryşlaryna gatnaşmak hem biziň türgenlerimiz üçin oňat tejribe bolar. Öz tälimçilerimizi daşary ýurtlarda taýýarlamagyň maksatnamasy hem taýýarlanyldy.
Federasiýamyzyň Aşgabatdaky türgenleşik binýadynda bouling üçin dört ýodajyk enjamlaşdyrylýar, olar türgenleşmek üçin täze mümkinçiligi döreder. Elbetde 2016-njy ýylda paýtagtymyzda gurulýan Olimpiýa şäherjigindäki 32 ýodajykly bouling zalynyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzda sportuň bu görnüşiniň ösdürilmeginde uly täsiri bolar.