Paýtagtymyzyň Milli garaşsyzlyk seýilgähindäki açyk teatrda “Ýaňlan, Diýarym!” aýdym bäsleşiginiň şäher tapgyry geçirildi, oňa Aşgabatdan höwesjeň aýdymçylar gatnaşdylar. Bäsleşik Türkmenistanyň medeniýet ministrliginiň, paýtagtymyzyň häkimliginiň Medeniýet müdirliginiň howandarlygynda geçirilýär.
“Aşgabat” döredijilik toparynyň aýdymçysy Agageldi Ýazmyradow we D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň gündogar dilleri fakultetiniň üçünji ýyl talyby Jahan Amanmuhammedowa bu tapgyryň ýeňijileri boldular.
Iri möçberli döredijilik taslamasy bolan “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň yzygiderli ýagdaýda geçirilmegi zehinli ýaşlaryň ukyplaryny açmaga, olaryň özlerini sahnada görkezmeklerine ýol açdy. Bäsleşigiň maksady – ýaşlaryň döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmak, olary halk saz sungaty bilen meşgullanmaga giňden çekmekdir. Şäher boýunça jemleýji tapgyrda çykyş etmek hukugy ugrunda paýtagtymyzyň alty etrabyndan ençeme dalaşgär güýç synanyşdy we olaryň diňe onusy bäsleşigi dowam etdirer.
Bu aýdym-sazly bäsleşigiň esasy şerti orkestriň sazandarlyk etmeginde aýdymy “janly” görnüşde ýerine ýetirmekdir, bu bolsa eminlere bäsleşige gatnaşyjynyň zehinine adalatly baha bermegine mümkinçilik berýär. Aýdymlaryň ýerine ýetiriliş ussatlygyna, artistlik ukyplaryna, tomaşaçylaryň gyzgyn garşylamagyny üpjün etmek başarnyklaryna aýratyn üns berilýär. Bäsleşige gatnaşyjylar dürli ugur boýunça iki aýdymy ýerine ýetirýärler, bu bolsa zehiniň dürli taraplaryny açmaga, aýdymçynyň özboluşlylygyny ýüze çykarmaga şert döredýär.
Jemleýji tapgyrda çykyş etjekler uly baýramçylyk konsertinde çykyş ederler, onda Türkmenistanyň ähli welaýatlarynyň iň gowy aýdymçylary öz ukyplaryny görkezerler. Däp boýunça ol oktýabr aýynda, ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda geçirilýär.