Ï Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hytaý artistleriniň ussatlyk sapaklary boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Döwlet sirkinde hytaý artistleriniň ussatlyk sapaklary boldy

view-icon 683
Ýurdumyzda dowam edýän Hytaýyň Medeniýet günleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet sirkinde Hytaý akrobatlarynyň assosiasiýasynyň agzalarynyň türkmen kärdeşleri üçin ussatlyk sapaklarynyň görkezilişi boldy.

Dostlukly ýurduň artistleri medeniýet çäresiniň açylyş dabarasynda özleriniň täsin sungatyny görkezdiler. Indi bolsa olar öz tejribesini türkmen dostlary bilen paýlaşýarlar. Türkmen sirkiniň akrobatlary hem täze sirk möwsümi üçin taýýarlan maksatnamalaryndan täsirli çykyşlaryny görkezdiler.


Türkmen jigitleriniň at üstündäki oýunlar “Galkynyş” toparynyň çykyşy myhmanlarda uly täsir galdyrdy. Türkmen topragynyň buýsanjy – ahalteke bedewleri sirk aýlawynda ýel ýaly uçup geçdiler. Jigitler bolsa töwekgelçilikli, çylşyrymly tilsimleri ýerine ýetirdiler. Bu meşhur atlylar toparynyň çykyşlary dünýäniň köp ýurtlarynyň tomaşaçylary üçin tanyşdyr, olary ähli ýerlerde uly joşgun bilen garşylaýarlar.

Hytaý we türkmen akrobatlary sirkiň sahnasynda bilelikde çykyş edip, kämillik derejesine ýetirilen sazlaşykly hereketlerini, birek-birege düşünişmek ukyplaryny, ýokary hünär ussatlyklaryny görkezdiler, bu bolsa dostlukly ýurtlaryň hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň barha işjeňleşýändiginiň alamadydyr.