Ï “Aşgabat” seýilgähinde türkmen gawunyna bagyşlanan dabaralar geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Aşgabat” seýilgähinde türkmen gawunyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

view-icon 665
Seýilgähiň tomusky teatrynda çagalar üçin ýörite konsert guraldy, onuň guramaçylary bolup paýtagtymyzyň häkimligi, Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy çykyş etdiler. “Gyzyl güljagaz” tans toparynyň, Çagalaryň we ýetginjekleriň döredijilik köşgüniň sazandalary we aýdymçylary, şeýle hem ikinji çagalar sungat mekdebiniň orkestri çykyş etdi.


Çüwdürimleriň meýdançasynda açyk asmanyň astynda uly baýramçylyk çäreleri ýaýbaňlandy. Ýörite gurnalan sahna uly göwrümli garpyzlar we gawunlar bilen bezeldi, Aşgabat şäher häkimligi we paýtagtymyzyň Köpetdag etrap häkimligi tarapyndan konsert guraldy. Tomaşaçylaryň öňünde Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň halk saz gurallary orkestri we aýdymçylary çykyş etdiler. Bagşylaryň halk sazlary, türkmen kompozitorlarynyň belli estrada aýdymlary ýaňlandy, olarda Watanymyz we paýtagtymyz wasp edilýär, şeýle hem Türkmenistanyň halk artistleri Akmuhammet Hanowyň we Annaguly Öwlüýägulyýewiň, Türkmenistanyň at gazanan artisti Selbi Annadurdyýewanyň we beýleki aýdymçylaryň ýerine ýetirmeginde aýdymlar ýaňlandy. Estrada aýdymçylarynyň ýakymly owazlary aşgabatlylarda we paýtagtymyzyň myhmanlarynda uly täsirler galdyrdy.

Türkmen topragynda gawun baýramy dowam edýär. Yssa awgust aýynyň howasy bişip ýetişen gawunlaryň hoşboý ysyna ýugrulandyr.