Hytaýyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde açylan sergisi Aşgabatda dowam edýän HHR-iň Medeniýet günleriniň çäklerinde geçirildi. Sergi türkmenistanlylary Hytaýyň Ekologiýa medeniýeti assosiasiýasy tarapyndan taýýarlanan fotoetýudlary we meşhur suçžou nagyşlary bilen tanyşdyrýar.
Sergide Hytaýyň belli fotosuratçylarynyň öz mähriban ülkesine bagyşlanan eserleriniň altmyşdan gowragy görkezilýär. Olarda täsin we gaýtalanmajak Beýik hytaý diwarynyň görnüşleri agşam şapagynyň şöhlesinde görkezilýär, täsin ýapyk Sipu köprüsiniň, Sizinmaýyň çaýçylyk bagynyň, Kanas kölüniň gowaklarynda ýüze çykarylan gadymy suratlaryň, bambuk tokaýlarynyň, çaý ýygnaýjylaryň zähmetiniň, baýramçylyk gezelençleriniň, Çžo tibet tansynyň, Hengan dagynyň dumanlygynyň, kölleriň we derýalaryň...görnüşleri sergä gelýänlerde uly täsir galdyrdy.
El işiniň muşdaklary Hytaýyň ýüpekde nagyş çekmek seneti bilen tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Iki müň ýyldan gowrak taryhy bolan suçžou keşdeleri iň gadymy we meşhur dört nagyş usullarynyň biridir. Onuň nagyşlary nepis, reňkleri sazlaşykly, nagyş çekmegiň usullary dürli görnüşlidir: tekiz we ikitaraplaýyn nagyşlar, dürli ugurlara uzaýan we özara kesişýän sapaklarda ýerine ýetiriler. Nepis sungat we Ýan Şauneý boýuna “garşyk nagyşlary çekmegiň” usuly.
Sergide geçen asyryň ortalarynda adaty gadymy sungat bilen häzirkizaman nakgaşçylygynyň sazlaşygyny esaslandyran aýratyn akymy döreden Žen Hoýsýanyň ýoluny dowam etdirijileriň otuza golaý işi görkezilýär. Wan Gogyň ýüpekde çekilen “Günebakary” we Klod Moneniň “Jigildemleri”, suratlaryň tutuş toplumy tomaşaçylaryň dykgatyna hödürlenýär. Şeýle hem sergide hytaý suratçysy Şen Weýiň ösümlik dünýäsine bagyşlanan suratlary güýz tokaýjyklarynyň öwşün atýan görnüşleri, asuda oba şekilleri, şeýle hem abstrakt görnüşler – “Pekin operasy”, “Sazlaşyk” we beýlekiler görkezilýär. Bu görnüşler hiç kimi biperwaý goýmaýar.
Bu ýerde, muzeýiň sergi zalynda, tomaşaçylar çeper eserleriniň döreýşini hem synlamaga mümkinçilik aldylar. Hanym Ýao Sinfang ýüpekden nagyş ýasamak boýunça ussatlyk sapagyny berdi. Bu ugurda belli hünärmen bolan zenan Çeperçilik akademiýasyny tamamlap, eýýäm on ýyldan gowrak wagt bäri dürli nagyşlary döretmek bilen meşgullanýar.
- Ortaça her bir surat eserini döretmek üçin sekiz aýlap tutanýerli zähmet çekmek zerur bolup durýar diýip, Ýao Sinfang gürrüň berýär – Men öz tejribäm bilen hytaý nagyş çekmegi bilen gyzyklanýan türkmen gyzlaryny tanyşdyrýandygyma şatdyryn. Her bir öz işiniň ussady üçin öz döreden eserleriniň adamlarda üýtgeşik ruh döredýändigini görmekden uly sylag ýokdur.